Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Parasatyn dünýä duýan, Pyragy!

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

11-10-2023 / 5087

Türkmen edebiýatyny dünýä tanadan, akyldar, filosof, alym Pyragynyň edebi mirasyna we çuňňur döredijiligine, kämil şahsyýetine goýulýan sarpa barha belende göterilýär. Bu hakykata Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanylýan dabaralaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris.

Sebäbi islendik döwürde hem  ynsan durmuşyny many-mazmuna besleýän, ýol-ýörelge bolýan we ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde ajaýyp çeşmä öwrülen Magtymguly atamyzyň eserleri öz gymmatyny mäkäm saklaýar. Şoňa görä-de, Magtymguly Pyragy döwürleriň hem nesilleriň şahyry hasaplanylýar.

Öz ruhy medeniýetini, edebiýatyny, dilini we terbiýeçilik däplerini barha berkidýän halkymyz dana şahyryň eserlerini hemişe ýol-ýörelge saýýar. Nesiller üçin çuňňur terbiýeçilik mekdebine, durmuş sapaklaryna öwrülen şahyryň şygyrlary watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, adalatlylygy, agzybirligi, jebisligi we il-halka wepalylygy ündeýär.

Ýaşaýyşa akyl ýetirmäge, geçmişi öwrenmäge, geljege ynam bilen garamaga we şahsyýet hökmünde has-da kämilleşmäge çagyrýan Pyragynyň eserlerinde millilik we döwletlilik düşünjeleri jemlenýär. Pähim-parasaty äleme nusgalyk bolan türkmen topragynyň akyldar oglunyň ölmez-ýitmez edebi mirasynda iň ýagşy ynsan häsiýetleri wagyz edilýär. Şoňa görä-de, ol eserler umumadamzat ähmiýetli gymmatly çeşme hökmünde ykrar edilýär. Magtymguly Pyragynyň golýazmalarynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna goşulmagynyň özi hem munuň şeýlediginiň aýdyň nyşanydyr.

Garaşsyzlyk ýyllarynda şahyryň ençeme eserleriniň ýygyndylarynyň täzeden ýokary hilli nusgalarda çap edilmegi, Magtymgula bagyşlanan ylmy-çeper işleriň, makalalaryň neşir edilmegi, şahyryň goşgularynyň daşary ýurt dillerine terjime edilmegi we dürli görnüşli sungat eserleriniň döredilmegi bolsa şahsyýetiň sarpasyny dünýä jemgyýetçiligine wagyz etmekde oňyn ähmiýete eýedir. Türkmen danasynyň dürdäneleriniň dünýäniň alymlary tarapyndan öwrenilmegi bolsa has-da buýsançlydyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, akyldar şahyrymyz Magtymgulynyň eserleri bu gün türkmen halkynyň owazy bolup, dünýä ýaň salýar. Dana Pyragyny dünýä beren halkymyzyň mertebesi Ýer ýüzünde hemişe belentdir.

Pyragynyň arzuw eden berkarar döwletinde bir suprada aşlar kylyp, türkmen ykbalyny göteren, Jeýhun bile bahry Hazar arasyny ösüşlere beslän Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýdýarys.

Maýagözel MUHAMMETBERDIÝEWA,
Mary şäherindäki 25-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri, KA-nyň işjeň agzasy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com