
2023-nji ýylyň Bütindünýä akyl saglygy gününiň mowzugy — Biziň aňymyz, biziň hukuklarymyz.
Bütindünýä akyl saglygy güni akyl hassalygy barada düşünje bermek üçin döredilendir. Bu gün ilkinji gezek 1992-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda 150-den gowrak ýurtda bölümçeleri bolan Bütindünýä akyl saglygy guramasynyň başlangyjy bilen giňden bellenildi. Oňa global akyl saglygy bilen baglanyşykly wagyz-nesihat işleriniň geçirilýän güni diýsek hem ýalňyşmarys. Akyl saglygy bilen iş salyşýanlar adamlara akyl hassalygy we onuň dünýädäki adamlaryň ýaşaýyş-durmuşyna ýetirýän täsirleri barada habar berýärler.
Ýaşy on sekiz we ondan uly ýaşly adamlaryň özüni gurşap alan dünýäsinde bolup geçýän yzygiderli hadysalar üçin alada etmekligi we şonuň netijesinde hem akyl taýdan güýçli, dartgynly ýagdaýa duçar bolmagy akyl hassalygynyň ýüze çykmagyna getirýär.
Akyl saglygymyz biziň pikirlerimize, duýgularymyzdyr hereketlerimize öz täsirini ýetirýär. Eger adam akyl taýdan sagdyn bolsa, onda ol dartgynly ýagdaýlardan has gowy baş alyp çykyp, onuň iş öndürijiligi barha ýokarlanýar. Ýa-da tersine, adam akyl taýdan sagdyn bolmasa köp zyýanlary çekip biler.
Bütindünýä akyl saglygy gününiň maksady jemgyýetiň bilim derejesini hem-de habardarlygyny ýokarlandyrmakdan ybarat. Aslynda, her bir adamyň akyl saglygyny ählumumy adam hukugy hökmünde öňe sürýän we goraýan hereketlerini herekete getirmek üçin Akyl saglygy ählumumy adam hukugy mowzugynyň üsti arkaly birleşmek üçin täze mümkinçilikdir. Akyl saglygy ähli adamlar üçin esasy adam hukugydyr.
Gowy akyl saglygy umumy saglygymyz we abadanlygymyz üçin diýseň möhümdir. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy hyzmatdaşlary bilen akyl saglygynyň gadyryny bilmek, öňe sürmek we goramak üçin birnäçe işleri durmuşa geçirmegini dowam etdirýär.
Mähri HOJAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.