Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Ak bugdaý — rysgal-berekediň gözbaşy

11-10-2023 / 18

Türkmenistan — ak bugdaýyň Watany. Türkmen halky baş saglygy bilen saçaklaryň mele-myssyk çörekden doly bolmagyny durmuşda iň esasy baýlyk hasap edýär. Ol bize paýhasly ata-babalarymyzdan miras galan, hiç haçan möwritini geçirmejek, geçirmedik gymmatly düşünje.

Döwlet Baştutanymyzyň daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi üçin amatly şertleri döretmek meselesine berýän ünsi bugdaýyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberleriniň artdyrylmagyna ýardam edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan maksatnamalaýyn işleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagy ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy. Obasenagat toplumynyň düzümleriniň hem-de hyzmat edýän pudaklaryň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, döwrebaplaşdyrylmagyna, elewatorlaryň, gaýtadan işleýän oba hojalyk kärhanalarynyň, mineral dökünleri öndürýän zawodlaryň, suw hojalyk desgalarynyň gurluşygyna maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Bu işler ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam berýär. Oba hojalygyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin uly mümkinçilikler açylýar.

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak, oba hojalygynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek, bu ugurdaky işleri döwrebap usulda guramak we pudaga hususy önüm öndürijileri giňden çekmek işleri maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar, olar üçin oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça ýörite ýer gaznalary yzygiderli döredilýär.

Obasenagat toplumyndaky özgertmeler döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň önüm öndürijilerini hemmetaraplaýyn goldamaga gönükdirilen çuňňur oýlanyşykly strategiýasynyň aýrylmaz bölegidir. Netijede, türkmen telekeçileri täze ýerleri özleşdirmegiň, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmagyň hasabyna oba hojalyk önümlerini ösdürip ýetişdirmek üçin uly tagallalary edýärler. Şeýlelikde, azyk bolçulygy üpjün edilýär hem-de halkymyzyň we her bir maşgalanyň abadançylygy ýokarlandyrylýar.

Aýbibi KUTLYÝEWA,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Ösümlikçilik kafedrasynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com