Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Ýaşlara hünär ýaraşýar

10-10-2023 / 13

Ýaş nesilleri Watana wepaly, halka gerekli, arassa ahlakly, berk bedenli, zähmetsöýer, bilimli, ylymly, däp-dessurlara hormat goýýan, giň dünýägaraýyşly adamlar edip ýetişdirmek döwrüň baş wezipesi bolup durýar.

Eziz Watanymyzyň bagtly geljegini gazanmagyň baş şerti türkmen ýaşlaryny ylymdan ýüki ýetik, ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän hünärmenler edip ýetişdirmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz turuwbaşdan ýurdumyzyň bilim ulgamyna degişli edara-kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagyny üpjün etmek babatda tutumly işleriň başyny başlady we ol işler Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan yzygiderli dowam etdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz sporty we bedenterbiýäni giň gerimde ösdürmek üçin uly tagallalar edýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde gurlan iri sport toplumlary, ilkinji nobatda, çagalaryň we ýaşlaryň köpçülikleýin sporta we bedenterbiýä giňden çekilmegini üpjün etmäge gönükdirilen işler munuň aýdyň subutnamasydyr. Bilim we sport babatda halkara gatnaşyklaryny giňeltmek meselesi-de hemişe üns merkezinde saklanylýar.

Ýurdumyzda geçirilýän il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli özgertmeler, ýetilýän uly sepgitler, üstünlikli alnyp barylýan içeri we daşary syýasat ýaşlary maddy we ruhy taýdan galkyndyrmagyň özenidir. Her bir ýurduň geljegi onuň ýaşlary bilen baglanyşdyrylýar. Hut şu nukdaýnazardan, döwlet Baştutanymyz ýaşlara ynamly bil baglaýar.

Milli Liderimiziň parasatly başlangyçlary bilen ýurdumyzda ýaş nesle mynasyp terbiýe bermek babatda ähli şertler, olaryň sazlaşykly ösmegi, häzirki zaman bilimini ele almagy, öz ukyplaryny we zehinlerini görkezmegi üçin giň mümkinçilikler döredildi.

Perman NOBATOW,
TDP-niň Hojambaz etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com