Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderŽurnalistiň sahypasy

Sagdyn durmuş — bagtly ýaşaýyş

10-njy oktýabr - Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni

10-10-2023 / 24

Her ýylyň 10-njy oktýabrynda ýurdumyzda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bellenip geçilýär. Bu senäniň ählihalk derejesinde giňden bellenilmegi döwletimiz tarapyndan mähriban halkymyzyň saglygyny goramaga uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Saglygy goramak, bedenterbiýe we sport Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň durmuşynyň möhüm ulgamlary bolup durýar. Raýatlarymyzyň sagdyn bolmagy Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmeginiň, adamlaryň bagtyýar we abadan durmuşynyň möhüm şertidir. 

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bu ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär.

Häzirki wagtda ak mermerli paýtagtymyzda Halkara pediatriýa merkeziniň, 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, Stomatologiýa merkeziniň hem-de beýleki saglygy goraýyş desgalaryň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. Iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyryljak bu desgalar ýurdumyzda öňden bar bolan saglygy goraýyş merkezleriniň we desgalarynyň üstüni ýetirer.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy täze belent sepgitlere çykýar. Innowasion ugurlara esaslanmak bilen, lukmançylyk edaralarynyň kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak, ilata ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş hyzmatlaryny hödürlemek, raýatlarymyzyň sagdynlygyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bularyň hemmesi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň, raýatlarymyzyň saglygynyň bähbidine üstünlikli durmuşa geçirilýän parasatly syýasatyň netijesidiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Pirimkul NAZAROW,
Türkmenabat şäheriniň 5-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com