
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmeginde, ösüşleriň täze belentliklerine ýetmeginde, ilatymyzyň zerur oba hojalyk önümleri bilen ýeterlik üpjün edilmeginde, obasenagat toplumynyň işiniň öňe gitmeginde zähmetsöýer babadaýhanlara uly orun degişlidir. Olar daýhan birleşiklerinde hem-de daýhan hojalyklarynda öndürilýän önümleriň bolçulygyny döredýärler, bazarlarymyzyň zerur önümler bilen üpjün edilmegini gazanýarlar.
Ýylyň-ýylyna dünýäniň meşhur kompaniýalaryndan traktorlaryň, kombaýnlaryň gelip gowuşmagy zähmetsöýer daýhanlarymyzyň has-da netijeli zähmet çekmegine uly itergi berýär. Gadymy hem-de baý ekerançylyk medeniýeti bolan ýurdumyzyň oba hojalygynda hormatly Prezidentimiziň goldaw-hemaýaty bilen durmuşa geçirilýän özgertmeler ene ýere hormat-sarpa bilen garamak, ondan rejeli peýdalanmak ýaly milli däplerimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze mazmun bilen baýlaşýandygyna şaýatlyk edýär. Oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeler halkymyzy örän buýsandyrýar.
Ýylyň ähli paslynda ilatymyzy azyk we gök-bakja önümleri, dürli miweler bilen doly üpjün etmek ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Oba hojalygynda sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Bu bolsa, işiň netijeliligini ýokarlandyrmaga, pudagyň ösüşini üpjün etmäge ýardam edýär. Daşary ýurtlardan iş öndürijiligi kuwwatly tehnikalar yzygiderli satyn alynýar. Ol tehnikalar daýhanyň ygtybarly daýanjy bolup hyzmat edýär. Bu günki gün halal zähmeti bilen ýerden bereket tapýan daýhan päk zähmetiniň rehnetini görýär. Çünki, ýurdumyzda çekýän zähmetiňe mynasyp baha berilýär.
Hormatly Prezidentimiz welaýatlarda iş saparlary bilen bolanda, kärendeçi daýhanlaryň alyp barýan işleri, ýaşaýyş-durmuş şertleri, olara döredilýän mümkinçilikler bilen tanyşýar. Olaryň armasyny ýetirýär. Rahmet Gylyjowyň terjime eden arap ýazyjysy Abu Abdyllah Muhammet al-Hubaýşiniň “Bereket kitaby” atly eserinde: “Daýhançylyk, ekerançylyk iň halal kespleriň biri hasap edilýär. Çünki, janly-jandaryň iými, iýmiti aglaba halatda ekerançylyga, bag-bakja önümlerine, ir-iýmişlere, miwelere, ot-güllere bagly” diýlip bellenilýär. Hakykatdan-da, ekerançylyk, toprakda bitýän önümler, miweler durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ata-babalarymyz oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdiripdirler. Toprak-howa şertlerine görä, ýetişdirilen önümdir miweler özüniň datlylygy, ýokumlylygy bilen tapawutlanypdyr.
Halal saçaklarymyzyň egsilmejek rysgal-berekediniň, döwletimiziň abadançylygynyň, halkymyzyň eşretli durmuşynyň kepili bolup durýan oba hojalygynda köptaraply goldaw-hemaýatlary bilen ýokary zähmet galkynyşyny döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il-ýurt bähbidine gönükdirilen beýik başlangyçlary rowaçlyklara beslensin!
Ýazgeldi HALYŞOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.