Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Magtymguly Pyragy ― türkmeniň buýsanjy

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

10-10-2023 / 36

Türkmen topragy Ýer ýüzünde adamzadyň ykbalyna täsir edip bilen beýik şahsyýetleri dünýä beren toprakdyr. Bu mukaddes ýerleriň gaýratly, edermen, şir ýürekli merdanalary, akyl-paýhasly, parasat-pähimli akyldarlary heňňamlardan heňňamlara aşyp gelýän ölmez-ýitmez ady bilen baky ýaşaýar. Olaryň biri hem Gündogaryň akyldar şahyry, türkmen edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragydyr.

Döwletmämmet Azadynyň terbiýe ojagynda kemala gelen Magtymguly öz bilim-düşünjesi, ylmy garaýyşlary, çuňňur pelsepesi we manyly edebi mirasy bilen milli döredijiligiň mizemez sütünini binýat etdi. Akyldar şahyryň ajaýyp şygyrlary bu günki günde türkmeniň terbiýeçilik ýörelgesiniň hem aýrylmaz bölegine öwrüldi. Öwüt-ündewe, sargyt-wesýetlere ýugrulan naýbaşy şahyrana eserleri bilen köňüllerde ýaşaýan Magtymguly atamyzyň edebi mirasy döwrüň ýaş nesillerini päk ruhy garaýyşlarda ýetişdirmekde bahasyz çeşme bolup hyzmat edýär. Halkymyzyň Magtymguly Pyraga goýýan hormat-sarpasy ähli durmuş wakalarynda, hatda ykbal kesgitleýji pursatlarda hem ýolgörkeziji bolup durýar. Şonuň üçin hem öz beýik şahsyýetiniň many akabasyndan ruhy teşneligi ganýan halkymyz ähli işlerde, şol sanda nesil terbiýesinde şahyryň eserlerine yzygiderli salgylanýar.

Bu ýörelge milli bilim-terbiýeçilik işine hem mahsusdyr. Şahyryň gyzyldan gymmatly, zerden zyýada döredijiligi bilim işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmaga, düşünjelerini we göz ýetirmek ukyplaryny, terbiýeçilik işindäki guramaçylygyny artdyrmaga ýardam berse, ýaş nesilleri döwletlilik ýörelgesine laýyk kämilleşdirmäge täsir edýär. Pyragynyň döredijiligine salgylanylyp geçilýän okuw-terbiýeçilik, usulyýet-guramaçylyk işleriniň oňyn netijeleri berýändigi bolsa bu ugurdaky çemeleşmeleri has-da çuňlaşdyrmaga iterýär. Şoňa görä-de, ähli bilim-terbiýeçilik ojaklarynda bolşy ýaly, mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny mynasyp garşylamak maksady bilen meýilnamalaýyn okuw-terbiýeçilik, guramaçylyk-jemgyýetçilik işleri giň gerimde alnyp barylýar. Çagalar baglarynda döredilen ýörite diwarlyklar arkaly Magtymguly Pyragynyň ussatlygyny, nusgalyk göreldä öwrülen döredijiligini wagyz etmek, bu ugurdaky gollanmalary usuly işlerde peýdalanmak, şeýle-de sanly serişdeler we neşirler boýunça baý maglumat goruny döretmek, şanly senäni ýokary ruhubelentlikde garşylamaga goşant goşmak ugrundaky tagallalar dowam etdirilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň hem nygtaýşy ýaly, Pyragynyň ajaýyp şygyrlary ähli nesiller üçin beýik taglymatdyr. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli türkmenistanlylar öz topragynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň mertebesini dünýä ýüzünde şöhratlandyrýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza müdimilik alkyş aýdýar.

Nabat AŞYROWA,
Baýramaly şäherindäki 6-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri, KA-nyň işjeň agzasy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com