Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Bilim — rowaçlyga badalga

09-10-2023 / 27

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda beýik özgertmeleriň amala aşyrylýan, ajaýyp ösüşleriň gazanylýan we belent sepgitleriň ýetilýän eýýamydyr. Onda esasy ynam Garaşsyz ýurdumyzyň altyn geljegi bolan, häzirki zaman innowasiýalaryndan baş çykarýan ylymly we bilimli türkmen ýaşlaryna bildirilýär.

Ata-babalarymyz taryhda döwlet gurmak, ony dolandyrmak, jemgyýetde adalatlylygy ýola goýmak babatda dünýä nusgalyk işleri bitiripdir. Bu gün türkmen halky ýene öz berkarar döwletinde bagtly durmuşyň hözirini görýär. Milli Liderimiz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň altyn güýzüniň ilkinji gününde geçen umumy sapagynda bu babatda: «Garaşsyzlyk we Bitaraplyk biziň gazanan esasy üstünligimiz hökmünde taryhymyza altyn harplar bilen ýazyldy. Ýurdumyzyň garaşsyz ösüşiniň taryhy hem-de gazanan milli tejribesi, Bitaraplygymyzyň ählumumy parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmakdaky ähmiýeti bu gün tutuş dünýäde uly gyzyklanma döredýär» diýip jaýdar belledi.

 Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde ýurdumyzda täze bilim edaralary, şol sanda 13 sany çagalar bagy, 19 sany orta mekdep we okuw-terbiýeçilik toplumy açylyp ulanmaga berildi. Hünärmen, magistr we bakalawr maksatnamalary boýunça täze hünärler açylyp, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine ýaşlarymyz okuwa kabul edildi. Munuň özi ösüşiň belent sepgitleriniň ylymly-bilimli, döwrebap dünýägaraýyşly nesiller bilen berk baglanyşyklydygyny aýdyň tassyklaýar.

Täze taryhy döwürde milli bilim ulgamynyň gurluşyny döwrebaplaşdyrmaga, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, bilim işini kämilleşdirmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler depginli dowam etdirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim işi milli ýörelgelere, öňdebaryjy dünýä tejribelerine hem-de halkara ülňülere laýyklykda tapgyrlaýyn kämilleşdirilýär.

Arslan GURBANSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Ýokary matematika kafedrasynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com