
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan energetika syýasaty ýangyç-energetika toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegini we onuň halkara energoulgamyna sazlaşykly goşulyşmagyny ugur edinýär. Ýurdumyzda bu ulgamda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalary möhüm ykdysady ähmiýete eýe bolmak bilen çäklenmän, eýsem, sebitiň we dünýäniň energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hem uly orun eýeleýär.
Türkmenistan dünýäniň energetika döwletleriniň biri bolmak bilen, döwrüň ýagdaýlaryna we talaplaryna kybap gelýän energetika howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny döretmek meselelerine aýratyn üns berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň we beýleki halkara forumlaryň mejlislerinde degişli meseleler boýunça Türkmenistanyň garaýşyny ençeme gezek beýan etdi. Milli Liderimiziň netijeli başlangyçlary dünýä bileleşiginiň doly goldawyna eýe boldy we olar 2008-nji hem-de 2013-nji ýyllarda kabul edilen «Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň hyzmaty» atly BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen berkidildi.
Gahryman Arkadagymyzyň halkara başlangyçlary bu gün Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 78-nji sessiýasynda-da Garaşsyz Türkmenistan durnukly we ygtybarly energetika mobilligi hakynda Kararnamany kabul etmek başlangyjy bilen çykyş edýär. Bu resminama energiýanyň gymmat bolmadyk, ygtybarly, durnukly we döwrebap çeşmelerine elýeterliligi üpjün etmek boýunça ählumumy tagallalara ýardam etmek maksadyny özünde jemleýär. Şeýle-de BMG-niň 2014 — 2024-nji ýyllar üçin durnukly energetikanyň onýyllygynyň netijelerini jemlemek üçin 2025-nji ýylda Türkmenistanda «Durnukly energetika hemmeler üçin» atly halkara forumy geçirmek mümkinçiligini göz öňünde tutýar.
Bilimler we talyp ýaşlar gününde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýaşlar bilen geçiren umumy sapagynda: «Ýurdumyzyň nebitgaz toplumy ykdysady garaşsyzlygymyzy berkitmegiň, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmagyň, kuwwatly, köpugurly önümçilik pudaklaryny döretmegiň esasy çeşmesi bolup durýar» diýip belledi.
Türkmenistan ýangyç-energetika toplumyny batly depginlerde döwrebaplaşdyrmagy, häzirki zaman önümçilikleri döretmegiň hasabyna onuň düzümini giňeltmegi ugur edinýär. Şu nukdaýnazardan, tebigy gazy gaýtadan işlemek hem-de önümleriň täze görnüşlerini çykarmak ýurdumyz üçin ileri tutulýan ugur bolup durýar.
Göwher MEREDOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.