
Her ýylyň 7-nji oktýabry Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Bütindünýä pagta güni diyip yglan edildi. Bu gün dünýäniň köp ýurtlarynda pagtanyň esasy girdeji we eklenç çeşmesi hökmündäki ähmiýetini görkezmek maksady bilen döredildi.
Pagta dünýä ykdysadyýetinde möhüm harytlaryň biri bolmak bilen, häzirki wagtda bäş yklymyň 75 ýurdunda 100 milliondan gowrak maşgala üçin esasy girdeji we eklenç çeşmesi bolup hyzmat edýär. Halkara pagta güni mynasybetli, her ýylyň 7-nji oktýabrynda dünýäniň dürli ýurtlarynda baýramçylyk çäreleri – pagta ösdürip ýetişdirmegiň we pagtanyň görnüşleri boýunça sergiler, ýarmarkalar we ylmy-amaly seminarlar guralýar.
Pagta – Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin hem möhüm girdeji we iş çeşmesi bolup hyzmat edýär. 2022-nji ýylda ýurdumyzda 1250000 tonnadan gowrak pagta Watan harmanyna tabşyrylyp, meýilnama artygy bilen ýerine ýetirildi. Şeýle hem bu pudakda 30 müňe golaý adam zähmet çekýär.
Ýulduz BABAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.