Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

XV Daşkent kinofestiwaly geçirildi

06-10-2023 / 19

Daşkent halkara film festiwaly 1968-nji ýyldan 1997-nji ýyla çenli Aziýa, Afrika we Latyn Amerikasy ýurtlarynyň gatnaşmagynda her ýyl geçirilipdir. 2021-nji ýylda başlap, şol däbi dowam etdirmek maksady bilen «Ýüpek ýolunyň merjeni» ady astynda geçirilýän festiwalyň ýeňijilerine dabaraly ýagdaýda şahadatnama, kubok we pul baýragy gowşurylyp gelinýär.

2023-nji ýylyň 29-njy sentýabryndan 2-nji oktýabry aralygynda Özbegistanda «Ýüpek ýolunyň merjeni» ady bilen XV Daşkent kinofestiwaly geçirildi. Biziň ýurdumyzdan kinofestiwala Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň wekiliýeti gatnaşdy. Bu möhüm sungat forumynyň çäklerinde köp sanly medeni çäreler, filmleriň görkeziliş dabaralary geçirildi.

Türkmen kinorežissýorlarynyň surata düşüren filmleri özbek hem-de bu festiwala gatnaşmak üçin gelen halkara derejesindäki sungat ussatlaryna görkezildi. Kinofestiwalyň çäklerinde birnäçe bäsleşik guralyp, TÜRKSOÝ tarapyndan ýörite baýrak hem goýulypdyr. Abraýly baýraga Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň başlygynyň döredijilik işleri boýunça orunbasary, kinorežissýor Sahysalyh Baýramowyň surata düşüren, şeýle hem ýurdumyzda hem uly gyzyklanma döreden «Daragt» filmi TÜRKSOÝ guramasynyň ýörite baýragyna mynasyp bolmagy başardy.

Gyzlargül ANNAGURDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com