Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Halkyň beýik ykrarynyň beýany

06-10-2023 / 5054

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny dünýä ýaýmagyň, mertebesini beýgeltmegiň ajaýyp nusgasyny görkezýär.

Döwletimiziň ykdysady kuwwaty barha artýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bolsa, döwlet syýasatynyň iň möhüm ugurlaryna öwrülýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatynyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» şygary bilen utgaşdyrylmagy arkaly halk hojalygynyň ähli ugurlarynda gazanylýan ösüşleriň il-günüň bähbidine gönükdirilýändigini aýdyň görkezýär.

Mälim bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 24-nji sentýabrynda Maslahatlar köşgünde uly syýasy çäre, ýagny Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Häzirki wagtda döwletli tutumlara, hoş habarlara baý bolan bu döwletli Maslahatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň sözlän taryhy sözi hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň maksatnamalaýyn çykyşy we ondan gelip çykýan wezipeleri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri tarapyndan halk köpçüligine giňden düşündirilýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hut halkyň wekilleriniň teklipleri esasynda döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň iň ýokary tapawutlandyryş derejesi — «Altyn Aý» altyn nyşanyny gowşurmak bilen, Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy Diýarymyzyň her bir raýatynyň kalbyny egsilmez buýsanja besledi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany beýik ösüşlere beslemek ugrunda alyp barýan döwletli işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygymyzyň çägi ýok. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwlet ähmiýetli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Enejan ÖWÜLÝÄKULYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.  

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com