Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Ýaşlar — uly güýç

05-10-2023 / 5089

Ýaşlaryň bilimli, hünärli, ýokary watançylyk, ruhy ahlak ýörelgeleri esasynda terbiýelenmekleri ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň girewidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ýaşlaryň häzirki zaman bilimlerini özleşdirmekleri üçin ähli şertleri döretmek, jemgyýetiň aň-paýhas kuwwatyny ýokarlandyrmak meselesine aýratyn ähmiýet berýär. Häzirki döwürde ýaşlaryň döwrebap bilim we oňat terbiýe almaklary üçin ähli şertler döredilýär.

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde gurlup ulanylmaga berilýän häzirki zaman orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, dynç alyş we sagaldyş merkezleri ýaşlarda okamaga, döretmäge, gurmaga bolan höwesi has-da artdyrýar. Mälim bolşy ýaly, 2-nji oktýabrda Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ýaşlaryň dünýäde durnukly geljegi gurmak ugrunda artýan ornuna bagyşlanyp, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumy geçirildi. Bu foruma Merkezi Aziýa döwletleriniň ýaşlar syýasaty ulgamyndaky jogapkär ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Hytaý Halk Respublikasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Liwiýadan, Azerbaýjan Respublikasyndan we beýleki ýurtlardan ýaşlar, şeýle-de, Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümleriniň we agentlikleriniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň, Çagalar gaznasynyň, Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň we Ilat gaznasynyň işgärleri gatnaşdylar. Döwletimiz şahsy ösüş, ýaşlaryň öz ukyp-başarnyklaryny doly açmaklary, özlerini kemala getirmekleri üçin ähli şertleri döretmek bilen, ýaş nesliň terbiýesine aýratyn üns berýär. Çünki ýaşlar jemgyýetiň hereketlendiriji güýji bolup, täze taryhy eýýamda olaryň dürli ugurlarda gazanýan üstünlikleri Garaşsyz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşlerine itergi berýär.

«Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» nurana geljegi gurmagyň bähbidine beýleki ýurtlaryň ýaşlary bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagy maksat edinýär. Ýaşlar syýasaty Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biridir. «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumynyň geçirilmegi ýurtlaryň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny, özara hormat goýmagy pugtalandyrmaga, dawalaryň öňüni almakda hem-de çözmekde dialogyň möhüm ähmiýetine düşünmäge, parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmek boýunça işlere ýaşlaryň işjeň çekilmegine şert döreder.

Okamaga, öwrenmäge ähli şertleriň döredilmegi biz — ýaşlarda eziz Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza, mähriban halkymyza bolan söýgini has-da artdyrýar. Goý, döwletli döwranymyzda ýaşlar barada atalyk aladasyny edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Aýsona AMANJAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com