
Häzirki wagtda ýurdumyzda obasenagat toplumyny ösdürmekde alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleriň netijesinde, ata Watanymyzda ak bugdaýyň, gök-bakja önümleriniň, miweleriň we ir-iýmişleriň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär hem-de halkymyzyň rysgaly, her bir maşgala ojagynyň berekedi bolup saçaklarymyza dolýar. Pagtaçy babadaýhanlarymyzyň çekýän tutanýerli we öndürijilikli zähmetiniň netijesinde hem ýurdumyzda her ýylda «ak altynyň» bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär we pagta hasylyny öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar.
Zähmetiň ýokary derejede mehanizasiýalaşdyrylmagy we awtomatlaşdyrylmagy oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhüm ugrudyr. Obasenagat toplumynyň inžener-tehniki üpjünçiliginiň meseleleri innowasion esasda çözülýär. Ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän döwrebap tehnikalar satyn alynýar. Oba hojalygyny dünýäniň ýokary öndürijilikli tehnikalarydyr enjamlary, bugdaý, pagta ýygýan kombaýnlary bilen üpjün etmekde oňyn tejribe toplandy. Şolaryň hatarynda ýurdumyzyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşlary bolan «John Deere» hem-de «CLAAS» kompaniýalary bar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda suwarymly ekerançylyk babatda-da ägirt uly tejribe toplandy. Giň gerimli suw hojalyk taslamalary durmuşa geçirilýär. Ýerleriň hasyllylygyny dikeltmek, täze tarp ýerleri özleşdirmek boýunça giň möçberli taslamalar amala aşyrylýar. Meliorasiýanyň öňdebaryjy usullary ulanylýar. Ekerançylary dökün bilen üpjün edýän himiýa senagaty ýokary depginler bilen ösdürilýär. Öňdebaryjy tehnologiýalar, ylmy işläp taýýarlamalar işjeň ornaşdyrylýar. Bularyň ählisi ata-babalarymyzyň ýerden peýdalanmak boýunça köpasyrlyk tejribesini ulanyp, pudagyň kuwwatyny artdyrmak üçin ygtybarly esasa öwrülýär.
Ulgamyň hem-de hyzmat edýän pudaklaryň düzümini döwrebaplaşdyrmaga, olary täze tehnikalar bilen üpjün etmäge, şol sanda oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalary, mineral dökünleri öndürýän zawodlary gurmaga gönükdirilýän maýa goýumlar şu goldawyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmenabatda fosfor dökünlerini öndürýän zawodyň, «Tejenkarbamid» we «Marykarbamid» zawodlarynyň, «Maryazot» hem-de «Garabogazsulfat» önümçilik birleşikleriniň gurulmagy munuň aýdyň güwäsidir.
Häzirki döwürde oba hojalygyny tehniki we tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmak wezipeleri innowasion esasda, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» nazara almak arkaly çözülýär. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, agrosenagat toplumynda ýer kadastrynyň sanly binýady we howanyň üýtgemegi bilen bagly töwekgelçilikleri çaklamak üçin seljeriş platformasy dörediler. Ekerançylyga we maldarçylyga «akylly» tehnologiýalar ornaşdyrylar.
Akmyrat GURBANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Gidromeliorasiýa fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.