Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

5-nji oktýabr — Bütindünýä mugallymlar güni

05-10-2023 / 87

Her ýylyň 5-nji oktýabrynda «Bütindünýä mugallymlar güni» diýlip atlandyrylýan halkara güni dünýäniň dürli künjeklerinde giňden bellenilýär. Bu sene 1994-nji ýylda döredilip, häzirki wagtda dünýäniň 100-den gowrak döwletinde giňden bellenilýär. Bu halkara güni ýaş nesilleriň bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda zähmet çekýän mugallymlaryň edýän işlerini ýatlamak maksady bilen döredilýär.

Mugallymçylyk – kyn we asylly hünärdir. Bu kär döredijilikli we gyzykly hünärleriň biridir. Biziň durmuşymyzda mugallymlaryň aýratyn orunlary bardyr. Olaryň bize berýän bilimdir maslahatlary jemgyýetde dogry ýoly saýlap almakda bize uly ýardam edýär. Mugallymyň iň ýokary sungaty döredijilikli aňlatmagyň we bilim almagyň şatlygyny oýarmak ukybydyr.

Gowy mugallym bolmak üçin öwredýäniňi hem-de öwredýänleriňi söýmeli. Bu gün mugallymlarymyza çuňňur minnetdarlyk bildirmek, hoşniýetli, adalatly we adamkärçilikli bolmagy ündeýän ilkinji halypalary ýatlamak üçin ajaýyp gün!

Bütindünýä mugallymlar güni käbir ýurtlarda dürli senelerde bellenilip geçilýär.  Ýagny bu sene Hindistanda 5-nji sentýabrda, Hytaýda 10-njy sentýabrda, Germaniýa we Pakistanda 5-nji oktýabrda, Braziliýada 15-nji oktýabrda, Täze Zelandiýada 29-njy oktýabrda, Türkiýede 24-nji noýabrda we Malaýziýada 16-njy maýda bellenilýär.

Bütindünýä mugallymlar günüňiz gutly bolsun!

Perman MERDANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com