
Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp başlangyçlary bilen ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy barha kämilleşýär. Ýaşlarymyzyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejede bilim almaklary üçin asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Olaryň içinde daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmek esasy ugurlaryň biridir.
Dil biziň medeni derejämiziň görkezijisidir. Dil bilmek ýaş nesliň köptaraply ösmegine, dünýä- garaýşynyň giňelmegine, pikirlenmek ukyplarynyň kämilleşmegine ýardam edýär. Döwletleriň arasyndaky syýasy, medeni, söwda gatnaşyklarynyň has kämilleşen häzirki döwründe halkara dilleriň orny hasda giňelýär. Birleşen Milletler Guramasynyň halkara dil hökmünde ykrar eden ilkinji dilleriniň biri hem iňlis dilidir.
Iňlis dili giňden ýaýran german diller toparyna degişli bolup, bu hem öz gezeginde has uly hindi-ýewropa diller toparyna girýär. Hindi-ýewropa diller toparyna germen diller toparyndan başga-da slawýan, roman, grek, kelt, hindi we eýran dilleri degişlidir. Häzirki zaman germen dilleri öz gezeginde iki topara bölünýär: 1) günbatar german 2) demirgazyk german diller toparlarydyr.
Iňlis dili günbatar german diller toparyna degişli bolup, Beýik Britaniýa, ABŞ, Kanada, Awstraliýa, Täze Zelandiýa ýaly döwletleriň ene dili, ondan başga-da Päkistan, Hindistan we Günorta Afrika Respublikalarynyň resmi dilidir. Iňlis diliniň taryhyny birnäçe dilçiler we lingwistler üç topara bölýärler, gadymy iňlis dili (450-1066 ý.) , orta iňlis dili (1066-1500 ý.) we täze iňlis dilidir (1500 ý.-hazirki wagta çenli). Täze iňlis dili W. Şekspiriň dili bolup, ol hem iki döwre bölünýär: irki täze iňlis dili döwri (1500-1800 ý.) we soňky täze iňlis dili (1800 ý. -hazirki wagta çenli) döwridir.
Öz taryhyny gadymdan, german dillerinden alyp gaýdýan iňlis dili häzirki wagtda halkara dili hökmünde ulanylýar. Adamlar iňlis dili barada köplenç halkara dili ýa-da lingua franca (dürli ýurtly adamlaryň öz ene dilinden başga, aragatnaşyk üçin ulanýan dili) diýýärler. Ýer ýüzünde 350 milliona gowrak adam iňlis dilini öz ene dili hökmünde we 430 milliona gowrak adam iňlis dilini 2-nji dili hökmünde ulanýarlar. Adamlar köplenç iňlis dilini täjirçiligiň halkara dili diýip atlandyrýarlar.
Tehnologiýalar ulgamynda häzirki zaman işläp taýýarlamalaryň köpüsi, şol sanda Internet iňlis dilli ýurtlarda döredilendir. Möçberi we mazmuny boýunça ylmy neşirleriň, okuw we çeper edebiýatlaryň, filmleriň we sazlaryň örän köp sanlysy iňlis dilinde çykarylýar.
Züleýha ŞADYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.