Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Halk Maslahaty — dessuryň ulusy, däbiň ýagşysy

03-10-2023 / 5072

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatymyzyň tutuş many-mazmunyny özünde jemleýändigi babatda hem-de döwletliligi berkitmegiň ähli jähetlerini hukuk taýdan kemala getirmekde, döwletiň we jemgyýetiň ösüşleriniň hemme tapgyrlaryny guramaçylyk-hukuk taýdan esaslandyrmakda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň möhüm ähmiýeti bardyr.

Şeýle milli ýörälgämiz bar: il bähbitli işe girişmezden, uly toýlara başlamazdan öňinçä geňeşmek, maslahatlaşmak — türkmeniň ata-baba gelýän asylly däbi.

Pederlerimizden gelýän asylly ýörelgeler 24-nji sentýabrda paýtagtymyzda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde has-da belentden dabaralandyryldy. Döwletimiziň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka öwrülen umumymilli forumyň gün tertibine ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeleri amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipeleri girizildi.

Häzirki döwürde Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolmak bilen, döwürleriň aýrylmaz baglanyşygyny hem-de nesilleriň dowamatlylygyny, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gadymdan gelýän demokratik ýörelgelere, saýlap alan döredijilikli ýoluna ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýylynyň iri taryhy wakasy hökmünde hakydalarda orun aljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyz: «Halk bilen häkimiýetiň mizemez jebisligi biziň ähli işlerimizi rowaçlandyrýan güýçdür. Biziň bu ugurda gazanan üstünliklerimiz kanunlaryň berjaý edilmegine esaslanýar. Esasy Kanunymyzda halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşy hökmünde ykrar edilýär. Halkyň öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýandygy nygtalýar» diýip, Halk Maslahatynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Şu gezekki taryhy maslahatda halkymyzyň, Watanymyzyň bähbidine örän köp wezipeler, örän köp tutumlar öňe sürüldi, halk wekilleriniň teklipleri diňlenildi. Türkmenistany ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly alyp barýan we häzirki döwürde ata-babalarymyzyň asylly däplerini dowam etdirmek babatda giň gerimli işleri amala aşyrýan gujur-gaýratly, zehinli, maksada okgunly döwlet Baştutanymyzyň ägirt uly hyzmatlarynyň göz öňünde tutulyp, foruma gatnaşyjy ýaşulularyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy baradaky teklibiň biragyzdan goldanylmagy halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ählihalk tarapyndan goldawa mynasyp bolýandygynyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň mähriban halkymyzyň söýgüsini gazanandygynyň aýdyň beýanydyr.

Milli ýörelgelerimiziň mizemez dowamata eýe bolýandygyny aýdyň görkezýän Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde badalga berlen uly tutumly işler, halkymyzyň bagtyýarlygy, ýurdumyzyň berkararlygy üçin kabul edilen çözgütler toýly günlerimizde buýsanjymyzy artdyrýar. Goý, elmydama Watanymyz asuda, ilimiz abadan, bagt ýolumyz nurly, kalbymyz ýagty bolsun!

Enejan JUMANAZAROWA,
Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com