Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Dil öwrenmekde innowasion tehnologiýalar

03-10-2023 / 38

Ylym-bilim ulgamyndaky amala aşyrylýan özgertmeler, ösüşler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il bähbitli syýasatynyň iň derwaýyslarynyň biridir. Bilim ulgamyndaky öňe sürülýän meseleleriniň biri-de, ýaşlarymyzyň dil öwrenmek meselesidir. Adam bilimli bolmak üçin, dünýäniň ylymda, bilimde gazanan üstünliklerinden doly peýdalanyp bilmek, dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejedäki hünärmen bolmak üçin dünýä dillerinden baş çykarmaly.

Dil öwrenmek ýörelgeleri ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde giňden berjaý edilýär. Ata Watanymyzyň ähli bilim ojaklarynda dil ugruna degişli dersler çuňdan öwrenilýär. Muňa mysal edip, «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» uly buýsanç bilen belläp bileris. Dünýä dillerini öwrenmek diňe bir bu ugurda bilim alýan hünärmenlere degişli bolup durman, eýsem, ähli ugurlarda bilim alýan ýaşlara we zähmet çekýän dürli ýaşdaky hünärmenlere hem degişlidir. Dünýä bilen aýakdaş gitmeli döwürde, has-da bilimiň we kompýuter tehnologiýalaryň kämilleşýän döwründe dünýä dillerini öwrenmek esasy orunda durýan wezipe hökmünde öňe çykýar. Şu nukdaýnazardan, olary çuňňur öwrenmekde ýurduň geljegi bolup, uly ynam bildirilýän ýaşlara aýratyn orun degişlidir.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň halkara abraýynyň barha artýandygy we halkara gatnaşyklaryň ösdürilmegi dünýä dilleriniň ýokary derejede öwrenmäge ruhlandyrýar. Dünýä dillerini öwrenmäge mümkinçilikler hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalary bilen ýurdumyzda giň gerimde döredilýär.

Dil öwretmekde dürli görnüşli innowasion tehnologiýalaryň hem ähmiýeti örän uludyr. Ähli ýerlerde, esasan-da, bilim ojaklarynda lingafon enjamlary, kompýuterler, innowasion tagtalar bilen üpjün edilen okuw-iş otaglary döredilýär. Bu bolsa daşary ýurt dillerini tiz we amatly özleşdirmäge oňyn täsirini ýetirýär.

Innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly öwretmegiň täze usullaryna daýanylýar. Sanly ulgamyň barha durmuşymyza ornaşmagy täze mümkinçilikleri döredýär. Bu bilim bermekde, esasan dil öwretmekde hem şeýledir. Çünki dil öwretmekde innowasion tehnologiýalaryň möhüm ornunyň bardygyny bellemegimiz gerek. Kompýuterlerde dürli görkezmeler, audio ýazgylar daşary ýurt dillerini öwrenmekde oňat ýardam berýär. Şonuň üçin hem häzirki döwürde innowasion tehnologiýalaryň mümkinçiliginden giňden peýdalanylýar. Dürli innowasiýa usullaryndan peýdalanmak arkaly ýurdumyzda iňlis, rus, nemes, arap, pars, hytaý, ýapon, hindi we beýleki diller öwredilýär.

Ogulsuraý ÇEPIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň türkmen dili we edebiýaty hünäriniň 5-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com