Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýoly bilen beýik geljege tarap

03-10-2023 / 5043

Türkmen halky özüni dünýädäki iň bagtyýar halk hökmünde duýmaga doly haklydyr. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgäni öňe süren hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan beýik işler dünýäni haýrana goýýar.

Ýaňy-ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy guwançly, ýatda galyjy waka boldy. Mälim bolşy ýaly, forumda çykyş eden ildeşlerimiziň ählisi biragyzdan döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz döwletimizi ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly alyp gitmekde, ata-babalarymyzyň asylly däplerini mynasyp dowam etdirmekde giň gerimli işleri alyp barýandygyny belläp, Arkadagly Serdarymyza Türkmenistanyň Gahrymany diýen adyň dakylmagy baradaky teklip bilen çykyş etdiler. Şunlukda, watandaşlarymyzyň arzuw-isleglerini göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan degişli karar kabul edildi we hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň iň ýokary döwlet sylagy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özüne berlen belent döwlet sylagyna tutuş halkymyza, bilelikde amala aşyrylan beýik işlere berlen sylag hökmünde garaýandygyny bellemegi bolsa ildeşlerimiziň joşgunly göwünlerine ganat berdi.

Binýatlaýyn pudaklaryň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy hem-de döwletimiziň durmuş düzümleriniň kämilleşdirilmegi, gadymy türkmen topragynyň keşbiniň bütinleýin özgerdilmegi bilen bir hatarda, iň möhüm üstünlikler durmuş ulgamynda gazanylýar. Olar adamlaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda, hukuk kepillikleriniň ygtybarlylygynda, ruhy we döredijilik işjeňliginde öz beýanyny tapýar.

Döwlet Baştutanymyz iň öňdebaryjy halkara tejribä hem-de Türkmenistany dünýä syýasy we ykdysady giňişligine işjeň goşmaga gönükdirilen düýpli täze taslamalara, ösüşiň täze ugurlaryna badalga bermek bilen, ähli özgertmeleri halkymyzyň mynasyp durmuş şertleriniň üpjün edilmegine gönükdirdi, olar maddy abadançylygy we amatly ýaşamagy, jemgyýetimiziň ruhy kämilligini hem-de döredijilik, aň-paýhas taýdan şahsyýetiň öz ukyplaryny doly açmaga mümkinçiliklerini özünde jemleýär.

Pederlerimiziň baý tejribesini özünde jemleýän ruhy gymmatlyklar türkmen jemgyýetinde syýasy medeniýetiň mizemez binýady bolup durýar. Däp-dessurlaryň täze meýiller bilen sazlaşygy, oňyn özgertmeleriň gadymdan gelýän ýörelgeler esasynda dowam etdirilmegi häzirki zaman türkmen syýasy medeniýetiniň mahsus aýratynlyklarydyr. Ol hakyky halk demokratiýasyna esaslanýar.

Başgaça aýdylanda, taryhy miras ýurdumyzy döwrebaplaşdyrmagyň hem-de türkmen jemgyýetini ösdürmegiň möhüm serişdeleriniň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň giň gerimli maksatnamalarynda bellenilen täze giňişlikleriň we mümkinçilikleriň durmuşa geçirilmegi hem halkymyzyň taryhy tejribesi, onuň gadymy dünýägaraýyşlary esasynda guraldy.

Hormatly Prezidentimiziň beýik Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ada mynasyp görülmegi ildeşlerimiziň kalbyndaky isleg-arzuwlaryň amala aşmasydyr, halkyň Gahryman Ogluna beren iň ýokary bahasydyr. Şu mynasybetli mertebesi belent döwlet Baştutanymyzy tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, ýurdumyzy we halkymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp gitmekde egsilmez güýç-kuwwat, rowaçlyk arzuw edýäris.

Aýlar REJEPOWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Sanly dolandyryş hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com