Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Bäsleşikler — beýgelmäge badalga

02-10-2023 / 5055

Ýakynda Mary şäherindäki 31-nji çagalar bakja-bagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde mekdebe çenli çenli çagalar edaralarynyň arasynda yglan edilen degişli bäsleşikleriň welaýat tapgyry geçirildi.

Ýaş nesilleriň köçe-ýol hereketi we onuň düzgünleri baradaky düşünjelerini artdyrmak, medeniýetliligini kemala getirmek, bu ugurdaky okuw-terbiýeçilik işleriniň mazmunyny baýlaşdyrmak we tejribeleri artdyrmak, aýratyn zehinli, başarnykly çagalary ýüze çykarmak, olaryň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny mynasyp derejede gazanmak maksady bilen  her ýylda geçirilýän «Ýaşyl yşyk» atly köçe-ýol hereketiniň düzgünleri boýunça bäsleşigiň hem-de «Ýaşajyk gözegçiler» ady bilen yglan edilip çagalaryň arasynda guralan bäsleşigiň welaýat tapgyry guramaçylykly, baý mazmunly häsiýete eýe boldy.

Bu bäsleşikler degişli düzgünnama esasynda geçirilip, etrap, şäher derejesindäki tapgyrlarda saýlanan toparlar dürli şertler boýunça özara bäsleşdiler. Bäsleşigiň geçirilýän meýdançasynyň bezegi, çäräniň mazmunyna we temasyna görä guralyp, ol öňde goýulan aýdyň maksada ýetmekde oňyn täsirini ýetirdi. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda hödürlenen çykyşlar, okuw-usulyýet we görkezme serişdeleri bu ugurda alnyp barylýan işleriň we taýýarlygyň netijeleri boýunça görkezijiler emin agzalar tarapyndan seljerilip, oňa gatnaşan bilim işgärleri we körpeler höweslendirildi hem-de ýeňijiler dabaraly ýagdaýda sylaglanyldy.

Ýeri gelende bellesek, «Ýaşyl yşyk» atly köçe-ýol hereketiniň düzgünleri boýunça bäsleşikde biziň çagalar bakja-bagymyz hem  I baýrakly orna, «Ýaşajyk gözegçiler» ady bilen geçirilen bäsleşikde bolsa çagalar toparymyz II orna mynasyp boldy. Munuň özi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda täze okuw ýylynyň ilkinji aýynda gazanylan üstünlikler bolup, biziň ählimizi, bilim-terbiýeçilik işgärlerini we çagalar bakja-bagymyzda terbiýelenýän körpelerimizi täze üstünliklere ruhlandyrýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimize mynasyp sowat öwretmek, netijeli zähmet çekmek we milli bilim ulgamynyň ösüşlerine mynasyp goşantlary goşmak üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýdýarys.

Enebaý MERGENOWA,
Mary şäherindäki 31-nji çagalar bakja-bagynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, TDP-niň işjeň agzasy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com