Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderŽurnalistiň sahypasy

Aşgabadyň doganlaşan şäherleri

02-10-2023 / 39

Doganlaşan şäherler — munuň özi birek-biregiň halklarynyň durmuşy, taryhy we medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmak maksady bilen dürli ulgamlarda: medeniýetde, sportda, ylym-bilimde we beýleki ugurlarda hemişe hyzmatdaşlykda bolan iki şäherdir. Taraplaryň hyzmatdaşlyklarynyň çäklerinde medeniýet, sungat wekilleriniň birek-birekde dürli çykyşlary, teatr, kino eserleriniň görkezilişikleri, sport wekilçilikli toparlaryň gatnaşmagynda duşuşyklar, maslahatlar guralyp durulýar.

Mälim bolşy ýaly, 1957-nji ýylyň 28-nji aprelinde doganlaşan şäherleriň Bütindünýä guramasy döredilip, ol Fransiýanyň Eks-le-Ben şäherinde ýerleşýär. 1962-nji ýylda guramanyň teklibi bilen her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Bütindünýä doganlaşan şäherleriň gününi bellemek kararyna gelinýär.

Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň hem dünýäniň dürli künjeklerinde doganlaşan şäherleri bar. 1974-nji ýylda Mali döwletiniň paýtagty Bomako şäheri Aşgabadyň doganlyk şäheri bolýar. 1990-njy ýylda bolsa şeýle gatnaşyklar ABŞ-nyň Albukerke şäheri bilen ýola goýulýar.

Özbegistanyň halky bilen türkmen halkynyň gatnaşyklarynyň taryhy asyrlara siňip gidýär. Hut şonuň üçin-de bu döwlet bilen dürli ugurlardaky gatnaşyklar iki halkyň medeniýetine-de siňipdir. Munuň şeýledigine 2017-nji ýyldan bäri paýtagtymyz bilen doganlyk şähere öwrülen Daşkendiň arasynda dürli ugurlarda alnyp barylýan gatnaşyklar hem aýdyňlygy bilen görkezýär.

Aziýanyň merjeni bolan paýtagtymyzyň doganlaşan şäherleriniň arasynda Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäheri hem bar. Bu şäher bilen 2017-nji ýylda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäheri bilen doganlyk gatnaşyklary 2018-nji ýylda ýola goýulýar. Şonuň ýaly-da dürli ýyllarda Aşgabat Türkiýäniň paýtagty Ankara, Hytaýyň Lançjou şäheri, Gresiýanyň paýtagty Afiny we Ukraina Respublikasynyň baş şäheri Kiýew bilen doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýdy.

Şasenem DURDYMYRADOWA,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com