Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Sagdyn durmuşSlider

Meditasiýa: sanlar we maglumatlar

01-10-2023 / 5091

Häzirki wagtda ylmy dünýä meditasiýanyň onlarça peýdasynyň bardygyny kabul edýär. Meditasiýa aslynda, belli bir usullary ulanyp, arkaýyn oturyp, özüňizi we dem alşyňyzy diňleýän tejribe bolup, ol diňe bir beýnini güýçlendirmek bilen çäklenmän, eýsem, immunitet ulgamyny hem güýçlendirýär we kesellerden goraýar.

Soňky ýyllarda geçirilen ylmy gözlegler meditasiýanyň köp keseller üçin peýdalydygyny subut edýär. «Frontiers in Human Neuroscience» žurnalynda çap edilen maglumatlara görä, meditasiýa tejribesi bolmadyk adamlara günde 3 sagat meditasiýa okuw sapagy geçirilipdir. 16 hepdäniň netijesinde her gün 10 minut oýlanmagyň üns merkeziniň ýokarlanmagyna getirýändigine syn edilipdir.

Alada we depressiýa garşy göreşiň. 2014-nji ýylda «Sosial aň-bilim we täsirli neýroologiýa» žurnalynda çap edilen başga bir gözlege görä, 4 günüň dowamynda gysga wagtlap pikirlenmäge synanyşan 15 adamyň aladalanma derejesiniň ep-esli azalandygyny ýüze çykarylypdyr. Çünki oýlanmak ýüregi rahatlandyrýar, köşeşmäge we has oňyn duýmaga kömek edýär. Her gün yzygiderli meditasiýa bilen meşgullanmak bilen depressiýadan has aňsat gutulyp bilersiňiz.

Az stres, has köp şatlyk. Riçmond uniwersitetinde geçirilen gözlegde, meditasiýa tejribesi bolan adamlaryň hat-da biynjalyk edýän wizuallara az reaksiýa görkezendigi hem ýüze çykaryldy. Gözlegiň netijelerine görä, beýniniň duýgulary dolandyrýan böleginiň meditasiýa arkaly stresiň ýaramaz täsirlerinden arassalanyp biljekdigi hem subut edilen. Yzygiderli pikirlenmek, stres derejäňizi peseldýär we sagdyn we şadyýan bolmagyňyza kömek edýär.

Güýçli beýni. Meditasiýa, beýnimizdäki çal öýjükleriň sanyny köpeltmek arkaly öwrenmek we ýatlamak ýaly funksiýalary güýçlendirýär. «Psihiatriýa gözlegleri» žurnalynda 2011-nji ýylda çap edilen gözlegde, ozal meditasiýa bilen meşgullanmadyk adamlar öwrenilipdir. 8 hepdelik meditasiýa tejribesinden soň beýniniň işjeňligi gaýtadan gözden geçirilen barlaglarda çal maddanyň ep-esli ýokarlanmagy hasaba alnypdyr.

Aslynda, durmuşyňyza meditasiýany goşmak üçin gaty köp sebäp bar…

Goçmyrat ATAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com