Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Il saglygy — ýurt baýlygy

29-09-2023 / 16

Ynsanperwerlige ýugrulan milli ýörelgelerimiz hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň düýp özenini düzýär.

Arkadagly Serdarymyz halkyň, ösüp barýan ýaş nesliň halkymyzyň ruhy-ahlak ýörelgelerine, milli mirasymyza gadyr goýýan, bu gymmatlyklary dowamata atarjak nesiller bolup ýetişmekleri barada beýik wezipelere badalga berýär. Eziz Watanymyzda her bir çaganyň doly derejeli ösüşini, mümkinçilikleriniň açyp görkezilmegini şertlendirýän amatly gurşawyň döredilmegine ýardam berilýär.  «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen şygar halkyň bagtyýar durmuşyny, milli saglygy goraýyş ulgamynyň yzygiderli ösüşini alamatlandyrýar.

Halkymyzyň döwletlilik ýörelgeleri sahawatly başlangyçlary goldap, ýagşy işleriň başyny tutmagy, iň gowy adamkärçilik sypatlaryny dabaralandyryp, olaryň nesilden-nesle ösdürilmegine gönükdirilendir. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi, bu gazna tarapyndan maksada gönükdirilen çäreleriň yzygiderli geçirilmegini aýdyň mysallaryň biri hökmünde görkezmek bolar. Gahryman Arkadagymyz döwlet Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda bu işleriň geljekde-de dowam etdiriljekdigini, munuň üçin döwletimiziň hem, gaznanyň hem ýeterlik serişdeleriniň bardygyny beýan etdi. Geçen döwürde howandarlyga mätäç çagalara zerur operasiýalaryň geçirilip, ýatymlaýyn şertlerde bejergi işleriň amala aşyrylmagy, welaýatlardaky hassahanalaryň çagalar bölümlerine «Tiz kömek» awtoulaglarynyň berlip, haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna zerur bolan saglygy goraýyş maksatly serişdeleriň gönükdirilmegi bu işleriň guwandyryjy aýratynlyklarydyr.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda saglygy goraýyş ulgamy bilen bagly maksatnamalaýyn ösüş barada aýratyn nygtap belledi. Häzirki wagtda Aşgabatda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň gurluşygy alnyp barylýar, Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň we Stomatologiýa merkeziniň düýbi tutuldy.  Halkara iç keselleri, Halkara «Ene mähri» we Halkara saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezlerinde döwrebaplaşdyrmak boýunça işler ýerine ýetirilýär. Derman senagatyny ösdürmek, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önüm çykarýan kärhanalary döretmek dowam etdirilýär, şeýle-de lukmançylyk diplomatiýasynyň kadalaryna laýyklykda, milli saglygy goraýyş ulgamyna keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek boýunça öňdebaryjy tejribeler giňden ornaşdyrylýar.

Nargiza ABDYKADYROWA,
Türkmenabat şäher hassahanasynyň rewmokardialog lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com