Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Il agzybirliginiň subutnamasy

29-09-2023 / 5062

Türkmenler halkyň öňe çykaran, saýlan adamlaryna, il-ulsuň wekillerine, ýaşululara hemişe sylag-hormat bilen garapdyrlar, çünki olar milli däpleri we durmuş paýhasyny nesilden-nesle geçirip sarpalapdyrlar. Edebiýat çeşmelerinde beýan edilişine görä, türkmen halkynyň taryhy döwürlerde geçiren geňeşlerinde, maslahatlarynda kabul edilen durmuş-ykdysady meseleleriň çözgüdi adamyň durmuşy, onuň abadançylygy bilen baglanyşykly bolupdyr. Bu asylly ýörelgeler 24-nji sentýabrda paýtagtymyzda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde has-da belentden dabaralandyryldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda iňňän möhüm orny eýeleýär. Türkmen jemgyýetiniň hakyky demokratik ýörelgelerini berkarar etmek boýunça Halk Maslahatynyň işi örän wajypdyr. Ol ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerine wepalydygymyzyň nyşany bolup, halkymyzyň ýurdy dolandyrmakda toplan köpasyrlyk tejribesine daýanyp, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge ilatymyzyň ygtyýarly wekilleriniň giňden gatnaşmagyny üpjün edýär. Şeýle hem jemgyýetiň agzybirligini berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanylýan üstünlikleri döredijilikli kämilleşdirmek ýaly il-ýurt bähbitli wezipeleriň halkyň bähbidine çözülmegini gazanýar. Milletiň asyrlaryň dowamynda döreden demokratik däpleri döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyny, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgelerine, saýlanyp alnan döredijilik ýoluna ygrarlydygyny şöhlelendirmek bilen mynasyp dowam etdirilýär.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýylynyň iri taryhy wakasy hökmünde hakydalarda orun aljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyz: «Halk bilen häkimiýetiň mizemez jebisligi biziň ähli işlerimizi rowaçlandyrýan güýçdür. Biziň bu ugurda gazanan üstünliklerimiz kanunlaryň berjaý edilmegine esaslanýar. Esasy Kanunymyzda halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşy hökmünde ykrar edilýär. Halkyň öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýandygy nygtalýar» diýip, Halk Maslahatynyň ähmiýetine ünsi çekdi.

Şu gezekki taryhy maslahatda halkymyzyň, Watanymyzyň bähbidine örän köp wezipeler, örän köp tutumlar öňe sürüldi, halk wekilleriniň teklipleri diňlenildi. Türkmenistany ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly alyp barýan we häzirki döwürde ata-babalarymyzyň asylly däplerini dowam etdirmek babatda giň gerimli işleri amala aşyrýan gujur-gaýratly, zehinli, maksada okgunly döwlet Baştutanymyzyň ägirt uly hyzmatlarynyň göz öňünde tutulyp, foruma gatnaşyjy ýaşulularyň adyndan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň dakylmagy baradaky teklibiň biragyzdan goldanylmagy halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ählihalk tarapyndan goldawa mynasyp bolýandygynyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mähriban halkymyzyň söýgüsini gazanandygynyň aýdyň beýanydyr.

Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny berkitmäge mynasyp goşant goşmaga, döredijilikli zähmet çekmäge, ukyp-başarnygymyzy açmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun, alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com