Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

«Ýaňlan, Diýarym!»: söz ýeňijilerden

28-09-2023 / 34

Ykbalyň gülläp, bagtyň daş ýaranda ynsanyň kalp namasy sungata siňip, şirin owaz bolup töwerege ýaýraýar. Bagt we zehin paýly mukaddes Garaşsyzlygymyzyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym! ― 2023» bäsleşiginiň ýeňijileri, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolan ýaşlaryň ýürek buýsanjyny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Aýgözel BATYROWA,

Daşoguz welaýatynyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyby:

— Bagtyýar zamanada bagtyýar türkmen gyzy bolmak uly bagt. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň bagtyýar ýaşamagy, zehin başarnyklaryny halkymyz bilen paýlaşmaga uly mümkinçilikler döredilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzda birnäçe bäsleşikler, ýaryşlar geçirilýär. Bäsleşikler we ýaryşlar arkaly birnäçe zehinli ýaşlar ýüze çykýar. Meniň hem şeýle ýaşlaryň arasynda döwrümizi aýdym-sazda beýan etmek miýesser etdi. Sungat maşgalasynyň agzasy bolup döredijilik başarnygym Şa serpaýyny almagyma mümkinçilik berdi.

Nurýagdy BEKIÝEW,

Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Oguzhan şäherçe medeniýet öýüniň akkompaniator bagşysy:

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bagtyýar günlerden paýly bolmak maňa-da miýesser etdi. Ýylyň-ýylyna «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» bäsleşiginiň ýeňijisi boldum. Ýurdumyzda ýaşlaryň berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin döredilýän mümkinçilik her bir ýaş nesliň başarjaň, geljege umytly, maksadaokgunly hereket etmegine güýç berýär. Biz — ýaşlara döredip berýän mümkinçilikleri, bildirýän ynamy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimize köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys.

Taýýarlan: Şaperi OTUZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com