Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderTehnologiýa

«MatePad Pro» flagman planşetini hödürledi

28-09-2023 / 14

«Huawei» kompaniýasy Hytaýda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda «MatePad Pro» flagman planşetini hödürledi. Onuň 13,2 dýuým diagonally uly gajeti bolup, gyradan gyra çenli ekranly dünýädäki iň inçe we iň ýeňil uly planşet hökmünde kesgitlenýär.

Planşetiň agramy 580 gram, ýogynlygy bolsa 5,5 mm bolup, ekranyň çarçuwasynyň ini 3,4 mm, ekran öňdäki paneliň meýdanynyň 94%-ini eýeleýär. Planşet 2880 x 1920 piksel durulygy we 144 Gs suraty täzeleme ýygylygy bolan çeýe OLED ekrany bilen üpjün edilendir.Gurluş frontal kamera (16 Mp we 3D ToF), esasy kamera (13 we 8 Mp), alty dinamika (iki ýokary ýygylykly we dört pes ýygylykly), 10 100 mA/s sygymly akkumulýatora eýe.

Planşet bilen bilelikde üçünji nesil «M-Pencil» stilusy hem hödürlendi. Ol StarLight birikdiriş tehnologiýasyny göterýän ilkinji gurluşlaryň biri bolar.

Huawei MatePad Pro 13.2 üç reňkde – gök, ak we gara reňklerde hödürlenýär.

HUAWEI MatePad Pro 13.2 bahalary:

12 + 256 GB – 711 dollar

12 + 512 GB – 779 dollar

Planşediň satuwa çykaryljak senesi 28-nji sentýabr bolar diýip kesgitlenýär.

Guwanç ATAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener­-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň Ykdysadyýet we dolandyryş hünäriniň 4-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com