Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Kuraş: sanlar we maglumatlar

28-09-2023 / 20

Taryhy 1999-njy ýyldan başlanýan Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň abraýy barha artýar. Taryhy maglumatlara görä, Gadymy Gresiýada geçirilen Olimpiýa oýunlarynda hem kuraşa çalymdaş sport görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirilipdir. Häzirki wagtda ýurdumyzdan başga-da, Gresiýa, Italiýa, Ýaponiýa, Türkiýe, Eýran, Owganystan, Russiýa, Özbegistan, Gruziýa, Ermenistan, Azerbaýjan, Gazagystan ýaly döwletlerde hem kuraş bilen giňden meşgullanylýar.

Kuraşyň türkmen milli göreşi bilen baglydygyny aýratyn nygtamak gerek. Şonuň üçin hem sportuň bu iki görnüşiniň ösüş taryhy hem birmeňzeş. Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzda 2014-nji ýylda Türkmen milli göreşi we guşakly göreş boýunça hem dünýä çempionaty geçirilipdi.

Kuraş boýunça halkara birleşik 1998-nji ýylyň sentýabr aýynda Daşkentde döredildi. Onuň ilkinji agzalary hökmünde 28 döwlet hasaba alyndy. 2008-nji ýyla çenli bolsa birleşige agza döwletleriň sany 100-den geçdi. 2003-nji ýylda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi hem Kuraşy sportuň aýratyn görnüşi hökmünde ykrar edip, geçirýän ýaryşlarynyň maksatnamalaryna girizip başlady.

Kuraş boýunça dünýäniň ilkinji çempionaty 1999-njy ýylyň aprel aýynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirildi. Geçen ýyl bolsa dünýä çempionatyny Hindistanyň Puna şäheri kabul etdi. Oňa dünýäniň 60 döwletinden 300-den gowrak türgen gatnaşdy. Geçen dünýä çempionatyna ýurdumyza 13 türgen (7-si erkek, 6-sy zenan) wekilçilik edip, olar medallaryň üçüsine mynasyp boldular. Has takygy, zenanlaryň arasynda 48 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan Aýşirin Haýdarowa kümüş, 52 kilograma çenli agram derejesinde Aýnur Amanowa bilen 78 kilograma çenli agram derejesinde düşekçä çykan Aziza Kurbanowa bürünç medallary eýeläp, Watanymyza dolanyp geldiler.

Türkmen türgenleri kuraş boýunça geçirilýän halkara ýaryşlaryň hiç birinden hem elleri boş dolanmaýarlar. Muny diňe soňky bir ýylyň içinde geçirilen käbir ýaryşlardaky netijeler hem aýdyň görkezýär.

Şu ýyl Hytaýyň Hançžou şäherinde geçirilen Aziýanyň çempionatynda ildeşlerimiz medallaryň 8-sine mynasyp bolmagy başardylar. Türkmenistanly çagalar geçen ýylyň awgust aýynda «Aziýanyň çagalary» ady bilen Russiýada geçirilen sport oýunlarynda diňe kuraş boýunça ýaryşlarda 7 medal gazanyp, ajaýyp üstünligiň eýesi boldular.

Halmomin AMIROW,
Köýtendag etrabynyň 2-nji sport mekdebiniň kuraş boýunça tälimçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com