Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Garaşsyzlykdan galkynan ýaşlar

28-09-2023 / 20

Mukaddes Garaşsyzlygymyz türkmen ýaşlarynyň milli ruhda terbiýelenmegine, pederlerimizden gelýän asylly ýörelgeler esasynda öz öňlerinde maksat goýmagyna, diňe dogry ýol — watansöýüjiligiň ýoly bilen öz arzuw-maksatlaryna ýetmegine şert döretdi. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy, hormatly Prezidentimiziň aýratyn üns-aladasy bilen türkmen ýaşlary diňe bir ýurduň geljegi däl, olar şu günüň hem esasy güýçlerine, döwrümiziň öňdebaryjylaryna öwrüldiler.

Naýbaşy sene — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap, şäher geňeşleriniň guramagynda hem birnäçe wagyz-nesihat duşuşyklary, aýdym-sazly çäreler geçirilýär. Ýaşlara ata-babalarymyzyň asyrlar boýy arzuwlan özbaşdaklygynyň gymmaty, Garaşsyzlygyň beren miweleri, ýeten beýik sepgitlerimiz, täze maksatlara, ösüşli menzillere olaryň hem işjeň goşant goşmalydyklary barada wagyz-nesihat etmek, düşündirmek biziň esasy wezipelerimiziň biridir.

Bu gün Garaşsyzlykdan galkynyp, asuda örýän nowjuwan kalply ýaşlarymyzyň ýüzleri mähirden doly. Bu bolsa bagtyýar ýaşaýşymyzy kepillendirýän aýdyň alamatdyr. Bütin älemi haýrana goýýan ösüşleriň, özgerişleriň ýurdunda ýaşamak, okamak, bilimiňi artdyrmak, Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmak her bir ynsan üçin uly bagtdyr. Biz bu beýik bagta buýsanyp, ony wasp etmelidiris. Şeýle belent maksatlary ýürekde beslemäge, olary amal etmäge giň mümkinçilikleri döredýän, halkymyzy röwşen ertirlere sary alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, başy dik, ömri uzak bolsun! Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň röwşen geljegi has-da pajarlap, toýlary toýa ulaşsyn!

Oguljan RAJAPOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com