Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Arkadag şäheri — dünýäniň ykrary

28-09-2023 / 32

Ähli babatda nusgalyk derejä eýe bolan Arkadag şäheri ak mermerden gurlan, ekologik taýdan arassa şäherdir. Taryh üçin gysga wagtda bina edilen bu şäheri görmäge göz gerek. Köpetdagyň eteginde kemala gelen «akylly» şäher ynsan paýhasy we zähmeti bilen döredilen hakyky gudratdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň döredijilikli ylhamyndan bina edilýän bu ajaýyp şäheriň gurluşyk işleri iki tapgyrda amala aşyrylýar. Onuň birinji tapgyry jemi 336 desgany öz içine alýar. Ekologiýa taýdan arassa ulaglar, «akylly» awtoduralgalar, häzirki zaman yşyklandyryş ulgamy, sanly hyzmatlar, smartfon arkaly dolandyrylýan «akylly» jaýlar, medeni maksatly desgalar, bilim ojaklary, häzirki zaman sport toplumlary, seýilgähler, söwda we dynç alyş merkezleri, durmuş-üpjünçilik, ulag-aragatnaşyk ulgamlary… bularyň ählisi döwrüň iň ýokary ýaşaýyş medeniýetini üpjün etmäge hyzmat eder. Şäheriň birinji tapgyrynyň desgalarynyň açylmagy bizi diýseň begendirýär.

Häzirki döwürde dünýäde «smart-siti» konsepsiýasy esasynda bina edilen tutuş şäheri ulanmaga bermäge ukyply ýurtlar köp däldir. Täze şäheriň abraýly halkara düzümleriň we guramalaryň güwänamalarynyň 21-sine mynasyp bolmagy onuň häzirki zaman şäher gurluşygynyň dünýä derejeli «merjenleriniň» biri hökmünde ykrar edilendigini görkezýär. Arkadag şäheriniň Türkmenistanda «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna girizilen ilkinji «akylly» şäherdigini hem bellemek gerek. Munuň özi şäheriň ösüşine innowasion çemeleşmeleriň we döwletimiziň halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşynyň üpjün edilmegine bolan jogapkärçilikli garaýşynyň aýdyň netijesidir.

Arkadag şäheri diňe bir durmuş, ykdysady ulgamlarda däl, eýsem, daşky gurşawy goramak ugrunda-da innowasion çemeleşmeleri synag etmek üçin geljegi uly giňişlikdir. Arkadag şäheri — ekologiýa abadançylykly tebigatyň gözel ýeri. Şäheriň gurluşygynyň indiki tapgyrynda senagat toplumynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň gurluşygynda, çig mallaryň gaýtadan işlenilmeginde häzirki döwrüň ekologik talaplaryny doly berjaý etmek göz öňünde tutulýar. Bu işleriň ählisi Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipelerine laýyk gelýär.

Bir hakykata üns bersek, ýaşlara ähli döwürde-de ýurduň geljegi hökmünde garalyp, bitirilýän beýik işleriň ählisi olaryň röwşen ertirleriniň bähbidine gönükdirilipdir. Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşiniň häzirki tapgyrynyň häsiýetli aýratynlygy, ýaşlara hem geljegiň, hem şu günüň ynanylýanlygydyr. Şoňa görä Diýarymyzda amal edilýän islendik işde Watanymyzyň şu gününi bagtyýarlyga, rowaçlyklara beslemekde ýaş türkmenistanlylaryň paýynyň uludygyny buýsanç bilen aýdyp bileris. Arkadag şäheri hem ýaşlaryň döredijilik başlangyçlarynyň durmuşa ornaşdyrylýan, hünär kämilligini artdyrýan özboluşly meýdançasydyr.

Mähri ROZYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com