Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Türkmenistanyň ykdysadyýetinde daşary söwdanyň orny

26-09-2023 / 25

Islendik milli ykdysadyýet daşary söwda bilen baglanyşyklydyr. Ýurduň dünýä hojalygyndaky orny onuň daşary söwdasynyň möçberi bilen kesgitlenýär. Eger-de, ýurduň daşary söwdasy näçe uly bolsa, onda ol dünýä hojalygyna şonça integrirlenen we tersine, daşary söwda näçe pes bolsa şonça hem baglanyşyk gowşakdyr.

Eksportyň ýokarlanmagy milli ykdysadyýetiniň ösüşine oňaýly täsir edýär. Sebäbi eksport edilen harytlar ilki milli hojalykda öndürilýär we soñra ýurduň daşyna iberilýär. Hut şonuň üçin JIÖ-niň eksportlyk bölegi artýan bolsa, onda ol durnukly ykdysady şertlerde jemi içerki önümiň hem ösüşini üpjün edýär.

Käbir döwletleriň jemi içerki önüminde eksportlyk harytlaryň paýy ýokary. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýylsaýyn ýokarlanmagy, eksportymyzy ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň eksport kuwwaty her näçe ýokarlansa, milli ykdysadyýetimiziň dünýä hojalygy bilen baglanyşygy şonça hem artýar. Milli ykdysadyýetiň dünýä hojalygy bilen baglanyşygy ýurduň daşary söwdasy bilen kesgitlenýär. Ýagny, daşary söwdamyzyň oňaýly bolmagy, ykdysadyýetimiz üçin zerur bolan daşary ýurt walýutasynyň yzygiderli gelip durmagyny üpjün edýär. Daşary söwdamyzyň ýylsaýyn ösmegi bir tarapdan ykdysadyýetimiziň barha pugtalanýandygyny we halkymyzyň sosial-medeni ýagdaýynyň barha gowulanýandygyny alamatlandyrsa, beýleki tarapdan milli ykdysadyýetimiziň dünýä hojalygyna goşulyşmagynyň barha çaltlaşýandygyny görkezýär. Ýurdumyzyň daşary söwdasynyň ösüşi, dünýäniň söwda dolanyşygynyň ösüşinden has çaltdyr. Halkara bilermenleri dünýä söwdasy her ýyl 2-3 göterim depgin bilen ösýändigini belleýärler. Bu ösüş dünýä döwletleriniň daşary söwdasynyň jemi arkaly kesgitlenýär. Diýmek, şu görkeziji arkaly deňeşdirenimizde ýurdumyzyň daşary söwdasynyň onlarça esse artykdygyny görüp bolýar.

Dünýä söwdasynyň artyşy her ýyl 2-3 göterime deň bolsa, ýurdumyzyň daşary söwdasynyň artyşy 40 göterime barabar. Bu deňeşdirme milli ykdysadyýetimiziň dünýä hojalygyna goşulyşmak we ony barha giňeltmek prosesiniň çalt depginler bilen bolup geçýändigini subut edýär. Ýurdumyzyň eksportynyň we importynyň artyşyny  dünýä söwdasynyň ösüşi bilen hem deňeşdirmek bolar. Şeýle deňeşdirmäni geçirmek üçin bize ýene-de esasy görkeziji  bolup dünýäniň jemi söwdasy çykyş edýär.

Milli Maksatnamalarymyzda bellenilen sepgitler ýurdumyzy dünýä ykdysadyýetiniň iň bir kuwwatly we dünýä hojalygyna,  iň bir integrirlenen döwletleriň biri bolmaklygyna getirýär. Ýurdumyzyň dünýä hojalygyna goşulyşmagynyň has çaltlaşmagyny ýeke bir içerki syýasat däl-de, eýsem, daşary ykdysady syýasaty hem uly täsir edýär. Çünki daşary ykdysady syýasat umumy ykdysady syýasatyň aýrylmaz bir bölegidir. Eksport edilýän harytlar jemi içerki önümiň bir bölegidir. Ýurdumyzyň eksportynyň we importynyň ösmegi, milli ykdysadyýetimiziň dünýä hojalygynda esasy orun tutýan döwletleriň birine öwrüldi.

Döwletgeldi KALANDAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com