
Bütin dünýä ady dolan Gündogaryň akyldar şahyry, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutujy Magtymgulynyň döredijiligi ata-babalarymyz tarapyndan müňýyllyklaryň dowamynda toplanan medeni mirasyň merjenidir. Häzir, asyrlar geçse-de, öz Watanyňy söýmäge, agzybirlige we doganlyga çagyrýan halkymyzyň beýik oglunyň şygyr setirleri öz wajyplygyny ýitirmän, ýüreklerde mynasyp orun alýar.
Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Prezidenti «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakyndaky» Karara gol çekdi. Karara laýyklykda, bu senäni bellemek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Häzirki wagtda şanly senä uly taýýarlyk görülýär.
2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek maksady bilen guramaçylyk toparynyň döredilmegi, bu babatynda geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy aýdylanlaryň aýdyň beýanydyr. Şunuň bilen baglylykda, geçen 2022-nji ýylda ýurdumyzyň öňe süren başlangyjy esasynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň mejlisinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», şeýle hem gadymy Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek baradaky kabul eden çözgütleri halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň dünýäde ykrar edilýändigini tassyklaýar.
Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň durmuş pelsepesine öwrülen ajaýyp şygyrlary, öňe süren taglymatlary, öwüt-ündewleri we ýörelgeleri bu gün millionlarça adamlaryň aňyna, ýüregine hem-de duýgularyna örän oňaýly täsir edip, mertligiň we gaýduwsyzlygyň özboluşly şygaryna öwrüldi.
Şahyryň:
Hyzyr gezen çölde iller ýaýylsyn,
Ýurt binamyz gaýym bolsun,goýulsyn
— diýen setirleri bu gün öz öwüşgüni hakykata öwrüldi. Mähriban Watanymyzyň özbaşdaklygyny islän şahyr arzuwlary bu gün hasyl boldy.
Muhammetmurat NARMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.