
Diňe bir jemgyýet tebigata täsir etmän, eýsem, janly we jansyz tebigat hem jemgyýete täsir edýär. Onuň täsiri güýçli we haýal görnüşlerde bolup biler. Soňky ýyllarda tebigatyň üýtgeşmeleri jemgyýetde birnäçe hadysalaryň ýüze çykmagyna getirdi. Tebigatda baglanyşyklar adatça 2 görnüşde bolýar:
- Wagtlaýyn baglanyşyklar;
- Giňişleýin baglanyşyklar.
Wagtlaýyn baglanyşyklar – bu hadysalaryň bir wagtda kanunalaýyk ýüze çykmagydyr ýa-da tebigatyň dürli ýagdaýlarynyň hadysalaryny yzygiderlikde kesgitleýän görkezijidir.
Giňişleýin baglanyşyklar – tebigy hadysalaryň kesgitli ýerleşmegi we özara täsirleşmegi netijesinde giňişlikde döreýän hadysadyr. Bu baglanyşyklar janly tebigatda kesgitli ýüze çykýar. Her bir janly organizm üçin kesgitli giňişlik gerek bolup durýar. Görnüşleriň biri-birinden uzak aralykda ýerleşmegi olaryň ýaşaýşyna oňaýsyz täsir edýär.
Häzirki wagtda tebigatyň elementleriniň özara baglanyşygyny diňe hil taýdan öwrenmän, mukdar taýdan hem öwrenmek zerur bolup durýar. Dürli ýurtlaryň alymlary tarapyndan soňky ýyllarda maddalaryň tebigatdaky aýlanyşygynyň, biosferada energiýanyň öwrülişiginiň hil baglanyşyklary içgin öwrenilýär. Bu bolsa tebigatyň we jemgyýetiň özara baglanyşygynyň aýratynlyklaryna çuňňur akyl ýetirmäge mümkinçilik berýär. Tebigatdaky hadysalaryň özara baglanyşy-gyny jemlemekligiň özi döwlet, bütin planeta, ýer togalagy üçin gysga möhletde we uzak möhletleýin kesgitlemäge mümkinçilik döredýär. Tebigatda bolýan üýtgemeler, meselem, antropogen faktoryň täsirinde temperaturanyň üýtgemegi soňky, adamzadyň geljegi üçin howatyrlanma döredýär. Şonuň üçin olaryň önümi almak üçin zerur çäreler geçirilýär. Tebigatyň haýsy hem bolsa bir düzüm böleginiň mukdarynyň üýtgemegi zynjyr boýunça beýleki elementleriniň üýtgemegine getirýär. Ol hem biosferada üýtgemeleri döredýär. Tebigy baglanyşyklar esasynda biosferadaky maddalaryň aýlanyşygyny we energiýanyň öwrülişigini kesgitläp bolýar. Biosferada hemişe maddalaryň aýlanyşygy geçip durýar. Ol aýlanyşyklara himiki elementleriň täsiri, haýwanlaryň migrasiýasy täsir edýär. Biosferadaky ähli görnüşleriň ýaşaýşynyň esasy şertini jansyz tebigat düzýär. Janly we jansyz tebigatyň arasynda ýakyndan baglanyşyk bolup, onuň adam tarapyndan bozulmagy janly organizmleriň ýaşaýyş şertleriniň bozulmagyna, ýaramazlaşmagyna getirýär. Ondan başga-da, bu tebigy hadysalaryň täsirinde topragyň düzüminiň eroziýasyna hem getirýär.
Biosfera tebigat ulgamynda birnäçe işleri ýerine ýetirýär. Häzirki döwürde tehnikanyň we tehnologiýanyň güýçli depginde ösendigine garamazdan, adamyň biosferadaky bolýan üýtgemeleri öz üstüne almak mümkinçiligi ýokdur. Sebäbi tebigatda maddalaryň alyş-çalşygy, energiýa öwrülişigi gitdigiçe giňelýär. Olardan iň esasysy biosfera gatlagynyň hereketi işjeň elementleriniň aýlanyşygyny kadalaşdyrmak, atmosferanyň zäherlenmezligine täsir etmek ýaly şertler durýar. Biosferadaky haýsy hem bolsa bir hadysanyň bozulmagy islenilmeýän ençeme ýagdaýlaryň döremegine – topragyň suw we ýel eroziýasyna, suwlaryň köp ýerleri basmagyna, atmosferada kömürturşy gazynyň (CO2) mukdarynyň köpelmegine, suwlaryň hapalanmagyna getirýär. Tebigy hadysalara gözegçilik edip, olaryň bir-birleri bilen pugta baglanyşygyna göz ýetirip bolýar.
Gülbagt ANNAMÄMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.