
Garaşsyz, bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň, halkara gatnaşyklaryndaky we ulag-logistika ulgamyndaky ösüşiniň buýsançly görkezijileriniň biri hem Türkmenbaşy Halkara deňiz portudyr. Bu halkara port ýurdumyzyň Günbatarynda çalt ösýän sebitleriň biri bolan Hazar deňziniň kenarynda 2018-nji ýylda dabaraly açylyp ulanylmaga berildi.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary we mukaddes gadamy bilen açylan Türkmenbaşy Halkara deňiz porty häzirki wagtda Gündogar bilen Günbataryň arasynda söwda akymlaryny işjeňleşdirmekde döwrebap hyzmatlary bilen mümkinçilikleriň uly toplumyny özünde jemleýär. Bu innowasion port söwda aragatnaşygynda Aziýa yklymyndan göni Ýewropa çykalga bolmak hyzmaty bilen tapawutlanýar. Ýagny bu ýer Gara deňziň kenarlaryna, Ýewropa, Ýakyn Gündogar, Günorta Aziýa we Aziýa-Ýuwaş umman ýurtlaryna çykmak üçin amatly şertleri döredýän häzirkizaman deňiz geçelgeleriniň ulgamyny ösdürmekde wajyp bölege öwrüldi. Bu deňiz porty uly böçberli ýükleriň we energiýa serişdeleriniň howpsuz daşalmagynda ýoluň aralygyny we wagtyny ep-esli derejede azaltmaga ýardam berýär. Şeýle hem Ýewraziýa giňişliginde ulag akymlarynyň kämilleşdirilmegi bilen sebitara we yklymara gatnaşyklary işjeňleşdirmekde, energiýa serişdelerini halkara bazarlaryna çykarmakda, olary üstaşyr geçirmekde syýasy, maliýe, tehnologiýa we ekologiýa ugurlary boýunça işleri kämilleşdirmekde täze ykdysady strategik ähmiýete eýedir.
152 gektara barabar meýdany eýeleýän we parom, ýolagçy, ýük terminallaryny öz içine alýan bu ägirt uly desga iň täze tehnologiýalaryň we taslamalaryň ornaşdyrylan merkezidir. Belläp geçsek, ol öz mümkinçilikleri bilen mundan ozal hem birnäçe halkara guramalaryň ykrarnamalaryna eýe boldy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bolsa Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň gysga wagtda gazanan halkara üstünlikleriniň üstüni ýetiren “EcoPorts” derejesiniň güwänamasynyň gowşurylmagy bu sanlylaşdyrylan portuň dünýädäki meşhurlygyny has-da artdyrdy. Şeýle-de bu Halkara deňiz portuna berlen bu dereje ekologiýa babatda ýurdumyz bilen ÝHHG-niň hyzmatdaşlygynyň netijelilige gönükdirilendiginiň we onuň ykrar edilýändiginiň görkezijisidir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şeýle üstünlikler bilen ýurdumyzyň abraýyny artdyrýan, halkara gatnaşyklaryny, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny we deňiz ýollaryny ösdürmäge, Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýän Milli Liderimize hem-de Gahryman Prezidentimize ähli türkmenistanlylaryň alkyşlary egsilmezdir.
Rahmangylyç ANNAGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.