Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Garaşsyzlygyň saýrak bilbilleri

26-09-2023 / 5031

Golaýda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanyp mekdebe çenli çagalar edaralarynyň körpeleriniň arasynda her ýylda guralýan «Garaşsyzlygyň saýrak bilbilleri» atly körpeleriň aýdym we tans sungaty boýunça bäsleşigiň Mary welaýat tapgyry geçirildi.

Mary şäherindäki 33-nji «Şatlyk» atly bakja-bagymyzda guralan bu bäsleşigiň welaýat tapgyry hem guramaçylykly, gyzykly, baý mazmunly we netijeli boldy. Çagalar bakja-bagymyzda geçirilen bu bäsleşigiň welaýat tapgyryna etraplardan we şäherlerden saýlanan sungat söýer körpelerden ybarat toparlar işjeň gatnaşdy. Ýaşajyk aýdym-saz ýyldyzjyklarynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzy, ata Watanymyzy, bagtyýar çagalygy wasp edýän çykyşlary ýatda galyjy hem göwün göteriji boldy. Bäsleşige gatnaşýan çagalaryň aýdym we tans çykyşlarynda ýurdumyzyň bagtyýar nesilleriniň köňül joşguny aýdyň duýuldy. Köňülleri joşgunly körpeleriň hoş owazlary, barýamçylyk ruhly tans çykyşlary şanly Garaşsyzlygymyzyň toý joşguny bilen ulaşyp, çäräniň ruhubelentligini emele getirdi. Munuň özi bäsleşige ykjam taýýarlyk görülendigini, aýdym-tans sungaty boýunça ezber körpeleriň sanynyň barha artýandygyny alamatlandyrdy.

Ýeri gelende bellesek, bu bäsleşik mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ýaş zehinlerini ýüze çykarmakda, olaryň başarnyklaryny höweslendirmekde we milli sungatymyza hem gadymy medeniýetimize, toý-baýramly ata ýurdumyza söýgi döretmekde oňyn ähmiýetlidir.

Baýramçylyk öwüşgünli şadyýan bäsleşigiň netijelerine laýyklykda, baş baýraga we baýrakly orunlara mynasyp bolan çagalar bakja-baglarynyň körpeleri, ýagny aýdymçy, tansçy çagalaryň birnäçe topary ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy. Ýeri gelende bellesek, bu bäsleşikde biziň çagalar bakja-bagymyzda terbiýelenýän körpeler hem aýdym we tans çykyşlaryny täsirli ýerine ýetirip, birinji orna eýe boldy.

Bagtyýar nesilleriň röwşen ykbalyny nurlandyryp, olaryň sungata bolan söýgülerini artdyrmaga, ukyp-başarnyklaryny baýlaşdyrmaga, hünäre ugrukdyrmaga, kämil sowat öwretmäge, şanly senelerimizi zähmet üstünlikleri bilen garşylap ýokary derejede baýram etmäge döredilýän şeýle uly mümkinçilikler üçin biziň her birimiz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys.

Ogulmeňli ÇARYÝEWA,
terbiýeçi-usulyýetçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com