
Häzirki wagtda ösüp gelýän ýaş nesliň ählitaraplaýyn sazlaşykly kemala getirilmegi, ata-babalarymyzyň milli däplerine laýyklykda terbiýelenmegi, sagdyn ruhly, berk bedenli ösdürilmegi ugrundaky aladalar mynasyp sowat öwretmek bilen utgaşykly alnyp barylýar. Çagalaryň ilkinji bilim endiklerini ösdürmek, sowatlylygyny kemala getirmek, okamaga höwes döretmek, sözleýiş we ýazuw başarnyklaryny baýlaşdyrmak ugrundaky bilim işi bolsa daşary dillerini öwretmek bilen hem sazlaşykly ýerine ýetirilýär.
Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpelere daşary ýurt dillerini öwretmäge aýratyn ähmiýet berilmegi nesilleriň döwrebap bilimli keşbini kemala getirmäge itergi berýär. Dünýä dillerini öwrenmäge, olarda erkin gürläp bilmäge ukyply ýaşlary kemala getirmegiň mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlanmagy örän ähmiýetlidir. Çünki irki ýaşdaky çagalaryň maglumatlary kabul etmek ukyplary ösen bolýar. Olara çagalyk döwründe öwredilen zatlar tiz aňlarynda galýar.
Ýeri gelende bellesek, çagalar baglarynda daşary ýurt dillerini okatmak degişli okuw maksatnamalara laýyklykda alnyp barylýar we bu ugurda «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan» ugur alynýar. Bu resminamadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi mekdebe çenli ýaşly çagalaryň dil sowatlylygyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu resminamada daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň esasy ugurlarynyň hatarynda hem daşary ýurt dilini okatmakda ulanylýan bilim tehnologiýalaryny okuw işine ornaşdyrmak we yzygiderli kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar.
Daşary ýurt dilleri sapaklarynda sanlylaşdyrylan tehnologiýalaryň peýdalanylmagy öwrenilýän sapagyň hilini we mazmunyny baýlaşdyrýar. Bu sapaklarda duýga täsir ediş serişdelerini, yşyk, ses, saz bezeglerini peýdalanmak has-da netijeli bolup durýar. Çünki çagalar täzeçillige uly gyzyklanma bildirýärler. Geçilýän sapaklara degişli sanly görkezme serişdelerini peýdalanmak arkaly çagalaryň daşary ýurt dili boýunça öwrenenleri özleşdirilýär. Olaryň öwrenen sözleri, sözlemleri söhbetdeşlikler, çykyşlar, oýunlar arkaly berkidilýär. Mekdebe taýýarlanylýan körpeler bu döwürde eýýäm rus we iňlis dillerinde goşgy bentlerini aýtmagy, sözleri düzmegi, özleri bilen tanyşdyrmagy başarýarlar. Munuň özi çagalar bakja-baglarynda guralýan daşary ýurt dilleriniň öňdebaryjy iş usulyýeti arkaly kämilleşdirilýändigini, daşary ýurt dili mugallymlarynyň tejribesiniň artýandygyny görkezýär.
Belläp geçsek, biziň iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen çagalar bakja-bagymyzda hem bilim ulgamynyň häzirkizaman talaplaryndan ugur alnyp çagalara iňlis dili hem-de rus dili giňişleýin we täsirli öwredilýär. Çagalar bakja-bagynyň gurluşyna we sapaklarynyň rejesine laýyklykda uly (mekdebe taýýarlaýyş) toparlarynda iňlis dili hepdede 5 gezek geçilýär. Orta toparlarda bolsa 3 gezek guralýar. Şeýle-de rus dili sapaklary orta toparlarda hem okadylýar. Munuň özi ýöriteleşdirilen çagalar bakja-bagynda çagalaryň mekdebe taýýarlygyny we dil sowatlylygyny mynasyp derejede gazanmaga şert döredýär.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem mähriban körpeleri ýokary derejede terbiýelemek, olara döwrebap sowat öwretmek, daşary ýurt dillerini ýokary derejede geçmek üçin okuw otaglary has-da baýlaşdyryldy. Innowasion tehnologiýalaryň üsti ýetirildi. Bezeg işlerinde hem çagalaryň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höweslerini artdyrjak serişdeler peýdalanyldy. Çagalar tarapyndan ýerine ýetirilýän aýdymlaryň daşary ýurt dillerindäki görnüşleri ýazgy edildi.
Daşary ýurt dili mugallymlara usuly kömek bermek işi hem yzygiderli dowam etdirilýär. Bu babatda mugallymlaryň daşary ýurt dili sapaklaryny baý mazmunly geçmekleri üçin gollanmalary, görkezme serişdeleri yzygiderli baýlaşdyrylýar. Şeýlelikde, oňyn we döwrebap gurşaw, öňdebaryjy iş tejribesine daýanýan usulyýet we sanlylaşdyrylan sapaklar bagtyýar çagalaryň daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmeklerine şert döredýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaş nesil hakdaky aladany ileri tutup, milli bilimiň kuwwatyny artdyrýan, dünýä döwletleri bilen parahatsöýüjilikli gatnaşyklary alyp barýan, ata Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrýan Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize alkyşlar aýdýarys.
Güljahan GURBANOWA,
Mary şäherindäki iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 49-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri.