
Sentýabr uly wakalara, dabaralara baý: bu aýda Türkmenistan Garaşsyzlyk gününi belleýär! Kalbymyzda we aňymyzda üýtgeşik täsir hem-de duýgy döredýän bu baýramçylyk öz-özümize düşünmek üçin hem, dünýäde eýeleýän abraýly, derejeli ornumyzy bilmek üçin hem, goňşulardyr alysda ýaşaýan halklaryň bize bolan hoşniýetli garaýyşlaryny syzmak üçin hem aýratyn ähmiýetli senedir.
Adatça bolşy ýaly, Garaşsyzlyk baýramy — ýurdumyzyň baş toýy hakyky türkmen myhmansöýerligi bilen uludan tutulýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 32 ýyllygyna görülýän taýýarlyk, döwlet berkararlygynyň şanly toýuny mynasyp garşylamak baradaky meseleler döwlet derejesinde öňden bäri ara alnyp maslahatlaşylyp gelinýär. Türkmen halky üçin bu şanly senäniň ähmiýeti ymgyr uly, onuň köpmüňýyllyk taryhy XXI asyrda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlar boýunça ýetilen belent sepgitler bilen dabaralanýar.
Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň sene ýazgysy köp sanly ajaýyp wakalar hem-de işler bilen bellenildi. Garaşsyzlyk baýramy hem beýik işlerimiziň dabaralanmasydyr. Garaşsyzlyk toýunyň dabaralarynyň hut Bilimler we talyp ýaşlar gününiň giň gerimli wakalaryndan başlanmagy hem uly ähmiýete eýedir. Munuň özi garaşsyz ösüşiň belent sepgitleriniň we nazarlanýan maksatlaryň ylymly-bilimli, döwrebap dünýägaraýyşly nesiller bilen berk baglanyşyklydygyny aýdyň tassyklaýar.
Baýramçylyk ruhy eýýäm sentýabr aýy başlanmanka, Türkmenistanyň ähli ýerlerinde duýuldy. Häzir ählumumy şatlyk, ruhubelentlik has aýratyn ýagdaýa we öwüşgine eýe boldy. Ýurdumyz durmuş-ykdysady ösüşiň belentliklerine tarap batly depginde öňe barýar.
Roza TAŞPOLATOWA,
TMÝG-niň Köýtendag etrap Geňeşiniň buhgalteri.