Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

GARAŞSYZLYK – döwrümiziň we döwletimiziň şan-şöhraty

25-09-2023 / 5055

Dünýä çykmak, dünýä bähbitli beýik işlere dahylly bolmak uly bagt. Halkara we dünýä derejesindäki oňyn başlangyçlara öz şahsy goşandyny goşmak her ýurduň, berkarar döwletiň arzuwydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz şu jähetden Hak tarapyn ýalkanan ýurtdur. Oňyn daşary syýasaty arkaly umumadamzat bähbidini nazarlaýan ata Watanymyz öz behişdi goýnundan dünýä sary dost-doganlyk goluny, dostana ýoluny uzadýar. Bu sözlerimiziň aýdyň delilnamasy Garaşsyzlyk ýyllarynda bolup geçen işleriň mazmunynda hem görünýär.

2023-nji ýylda Türkmenistanyň dünýäniň iň abraýly halkara düzümine — Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilenine 31 ýyl doldy. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistany bu abraýly düzüme kabul etmek hakyndaky çözgüdi kabul etmegi täze taryhymyzyň ýyl ýazgysynda şöhratly sahypany açdy. Bu taryhy waka halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň, saýlap alan daşary syýasy ugrunyň halkara derejede giň goldawa eýe bolýandygyny görkezdi. Ata-babalarymyzyň özbaşdak döwlet gurmak baradaky köpasyrlyk arzuw-umytlaryndan bina bolan Garaşsyz Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny dünýä ýaýyp, häzirki zamanyň ylmy-tehniki ösüşlerine, täze gözýetimlerine çuňňur aralaşmagyna ak ýol açdy. Bu şanly sene Türkmenistanyň halkara işlere deňhukukly gatnaşmagyna mümkinçilik berip, dünýäde BMG tarapyndan ilkinji Bitarap döwlet hökmünde hukuk derejesiniň ykrar edilmegini şertlendirdi.

Garaşsyzlyk — bu uly bagt, mukaddeslik. Garaşsyzlyk bize özbaşdak ösüş ýoluny — milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň başga hiç bir ýerde gaýtalanmaýan türkmen nusgasyny saýlap almaga mümkinçilik berdi. Muňa soňky 32 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň gazanan ösüşleri aýdyň şaýatlyk edýär. Şu jähetden, garaşsyzlyk ýyllarynda döwletimiz ösüşiň dünýä ýurtlary üçin nusga alarlyk giň tejribesini toplady diýip bolar.

Eziz Diýarymyzyň halkara gatnaşyklaryndaky hyzmatdaşlygynyň gerimi iňňän giň. Goňşy halklaryny dogan, dünýä ýurtlaryny özüne dost hasaplaýan döwletimiz halkara diplomatik gatnaşyklary kämilleşdirmegi, dabaralandyrmagy baş maksat edip goýýar. Şoňa görä-de, dünýä döwletleri bilen halkara gatnaşyklaryny has-da ýygjamlaşdyrýar.

Suraýýa DOSMURADOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Köýtendag etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com