Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Ýol hereketiniň howpsuzlygy — eşretli durmuşymyzyň kepili

24-09-2023 / 5034

Ata Watanymyzda ýol-hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek wezipesi hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda dünýä ülňülerine gabat gelýän ýollaryň çar ýana uzamagy ýollarymyzyň asuda bolmagyna özüniň uly täsirini ýetirýär.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň halkymyz barada edýän bimöçber aladalarynyň netijesinde döwletimizde ýük hem-de ýeňil awtoulaglaryň sany barha köpeldi. Eziz Diýarymyzda täze ýollaryň gurulmagy, öňden bar bolanlarynyň durkunyň täzelenmegi ata Watanymyzyň görküne görk goşýar. Halkymyza ajap döwri peşgeş beren döwlet Baştutanymyzyň beýik başlangyçlarynyň netijesinde ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» diýen at bilen biraýlyk guramaçylykly geçirilýär.

Bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlanmagy bilen, şahsy hojalyklarda ulanylýan awtoulaglaryň hem sany artýar. Şonuň üçin sürüjiler-de, pyýadalar-da ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry bilmelidirler. Köçelerde, ýollarda awtoulaglaryň sanynyň köpelmegi, ulag gatnawynyň artmagy olaryň has-da ünsli bolmagyny talap edýär. Bularyň hemmesi bolsa ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir.

Ýollarymyzyň asuda, abadan, parahat bolmagy üçin bimöçber alada edýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, tutýan il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Şamyrat SAPAROW,
Türkmenabat gornizonynyň Harby awtomobil gözegçiliginiň gözegçi uly sürüjisi.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com