Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...

Paýhas düwünçeginden…

24-09-2023 / 43
  • Adamlar geplemegi yhlas bilen öwrenýär, ýöne esasy ylym haçan we nirede dymmagy öwrenmegi başarmakdyr.
  • Biri ýata suwda diňe ýata suwy görýär, başga biri bolsa onda ýyldyzlary görýär.
  • Ýanmaga we ýagty saçmaga gaýratyň çatmaýan bolsa, yşygyň öňüni bir tutma.

Lew Tolstoý

Abraýly adama salgylanmak meseläniň dogry çözgüdiniň tapyldygy däldir.

Brenedikit Spinoza

Hemme zady eşitjek bolup ýörme, ýaramaz sözlerem gulagyňa iler.

Solomon

Maslahatyň geň tarapy: akylly adama maslahat gerek däl, samsyk bolsa hiç haçan maslahat almaýar.

Pawel Taranow

Paýhasly adam özgeleriň ýalňyşlyklaryndan sapak alyp, özüniňkini düzedýär.

Publiliý Sir

Hemmelerden akylly görünjek bolmak ýaly samsyk isleg ýokdur.

Fransua Laroşfuko

Kim köp bilýän bolsa, ondan talap şonça-da köpdür.

Dewid Krosbi

  • Köp wada bermek ynamy azaldýandyr.
  • Ýalňyşmazlyk üçin beter alada etmek, başga bir ýalňyşlygyň üstünden elter.

Gorasiý

Diňlemegi öwren, şonda hatda erbet gürleýänlerdenem özüň üçin haýyrly bir zat taparsyň.

Plutarh

Baýmyrat ARAZOW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com