Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Jenga oýnuny nädip oýnamaly?

23-09-2023 / 5035

Çagalar we ulular tarapyndan oýnalýan Jenga, ençeme ýyl bäri iň meşhur tagta oýunlarynyň biridir. Maşgalaňyz bilen dynç günlerini ýakymly geçirmek isleseňiz, hökman Jenga wagt aýyrmaly bolarsyňyz. Eýsem, «Bu oýny nädip oýnamaly?», «Jenganyň düzgünleri näme?» diýen, soraglar ýüze çykan bolsa onda okamagyňyzy dowam ediň …

Tagta oýunlary – ähli ýaş toparlaryny özüne çekýän we hemişe gurnalýan oýunlaryň biridir. Bütin günüň ýadawlygyny taşlap, wagtyňyzy gyzykly geçirmek isleseňiz, monopoliýa, bingo, ludo ýa-da jenga ýaly oýunlar size kömek edip biler.

Bütin dünýäde uly meşhurlyga eýe bolan Jenga, deňagramlylyk we konsentrasiýa oýny. Köp üns we fiziki ussatlygy talap edýän oýnuň maksady, deň böleklerden ybarat agaç taýajyklary bilen ýasalan diňden dogry taýajygy almak. Aslynda «Jenga» «gurmak» diýen manyny berýär. Maglumatlara görä, ilkinji gezek 1986-njy ýylda çykan bu oýun, kakasynyň işi sebäpli Afrikada bolan Lesli Skott atly bir gyz tarapyndan tapylypdyr. Lesli 12 ýaşly kiçi dogany bilen oýun oýnamak isläninde Jenga oýnuny tapypdyr.

Jenga oýnamak üçin azyndan 2 adam bolmaly. Adatça 4 adam bilen oýnalýan Jenga şäherinde 54 sany agaç taýajyk üç topara bölünýär. Oýuny tekiz ýerde jemi 18 gatly diň döredip başlap bilersiňiz. Bu etapda oýunçylar diňi ýykman, nobat çekýärler. Iň köp taýajyk alan we minarany ýykman oýny tamamlan oýunçy oýunda ýeňiş gazanýar.

Oýnuň iň möhüm düzgüni bolsa, oýunçy hökman ilkinji degen taýajygyny çekmeli. Oýunçy taýajyga degeninden soň diň titrese-de bu düzgün üýtgemeýär.

Jenga oýnunda belli bir wagt ýoklugy sebäpli, oýunçy taýýar bolan wagtynda hereket edip biler.

Taýajyklary iki eliňiz bilen çekmek düýbünden gadagan bolup, ony hiç hili goldawsyz bir eliňiz bilen çekmeli.

Minaranyň durnuklylygyny saklamak üçin ýokarky, aşaky ýa-da gapdal taýajyklary saklamak gadagandyr.

Garşydaşlary ünsden düşürip biljek islendik dilden ýa-da fiziki hereket etmek hem gadagandyr.

Oýunçy, nobaty gelende minarany ýyksa, ol ýeňlişe sezewar bolýar.

Hanjar REJEPOW,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Agronomçylyk hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com