Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Düýe maly – dünýe maly

23-09-2023 / 18

Maldarçylyk pudagynda düýäniň aýratyn orny bardyr. Düýe gadymdan bäri türkmeniň öz malydyr. Türkmenistanyň çäginde düýäniň 6 müň ýyl ozal hem bolandygyny, onuň iş maly, ulag hökmünde ulanylandygyny Namazgadepeden tapylan düýe süňkleri hem şaýatlyk edýär. Geliň, düýe malynyň käbir häsiýetli aýratynlyklary dogrusynda durup geçeliň.

Düýe örän ýatkeş, duýgur, düşbi, akylly jandar hasaplanýar. Düýe maly endik eden ýolundan gije hem, gündiz hem azaşmaýar. Agyr ýük götermäge ukyply we çydamly bolýar. Uzak ýollary geçip bilýär. Sowuga, yssa çydamly bolýar.

Düýe uzak wagtlap suwsuz oňup bilýär. Düýe suw ýok halatynda 10 günläp suwsuz gezip bilýär.

Düýe botlaýar. “Botlamak” sözi “köşeklemek” diýen manyny aňladýar. Öňki döwürlerde köşege “bota” diýipdirler. Düýe malynyň nesli ýaş tapawudy boýunça şeýle atlandyrylýar:

Köşek – botandan bir ýaşaýança.

Torum – bir  ýaşansoň aýdylýar.

Ogşuk – iki ýaşynyň içindekä aýdylýar.

Duluç – iki ýaşyny dolduran inen düýä aýdylýar.

Düýeler ýaşlaryna görä, ikiýaşar, üçýaşar, dörtýaşar, bäşýaşar diýlip atlandyrylýar. Jyns aýratynlygyna görä:

Arwana – ýeke örküçli adaty türkmen düýesi.

Iner – arwana bilen bugradan bolan erkek  düýe.

Maýa – arwana bilen bugradan bolan inen düýe.

Erek – goşa örküçli düýä türkmenler tarapyndan diýilipdir.

Wepa HALYMOW,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň uly mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com