Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygy täze derejä çykarylýar

22-09-2023 / 5005

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tejribe alyşmak, ýurdumyzyň ýaşlarynyň ukyp-başarnyklaryny hem-de zehinini ýüze çykarmak, olaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, işewürlik hem-de döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek maksady bilen, işjeň halkara hyzmatdaşlygyny alyp barýar.

Döwletimiz tarapyndan döredilýän amatly şertler netijesinde, ýaş ýigitlerdir gyzlar daşary ýurtlaryň meşhur okuw merkezlerinde ýokary bilim alýarlar, halkara aň-paýhas, döredijilik we sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýärler, şeýle hem ýurdumyzyň jemgyýetçilik medeni durmuşyna işjeň gatnaşýarlar.

Alnyp barylýan işleriň hukuk esasyny pugtalandyrmak, ýaşlaryň köpugurly mümkinçiliklerini has doly peýdalanmak maksady bilen, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Kanun işlenip taýýarlanyldy hem-de rejelenen görnüşde kabul edildi. Şeýle hem Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy we olary durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary bilen geçýän şu ýylyň iýun aýynda ýurdumyzyň kanunçylygy hem-de halkara şertnamalary esasynda halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksadyndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň kabul edilmegi bu ugurdaky ýene bir uly ähmiýetli waka boldy.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň agzalygyna kabul edilmegi bu ugurda durmuşa geçirilýän işleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Bu şanly wakanyň Watanymyzyň BMG-niň abraýly düzümine girmeginiň ýakynda bellenilen 30 ýyllygy bilen gabat gelmegi aýratyn buýsançlydyr. Bu düzüm bilen ýakyn hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. ÝUNESKO-nyň ХХI asyryň möhüm meselelerini çözmek ugrunda medeni diplomatiýa arkaly durmuşa geçirýän çäreleri ýurdumyzyň ählumumy derejede parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň bähbidine öňe sürýän başlangyçlary bilen doly utgaşýar.

Gülzar BEKMURADOWA,
TMÝG-niň Köýtendag etrap Geňeşiniň hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com