Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Illeri birikdiren ýollar

22-09-2023 / 5051

Taryhyň jümmüşinde kerwen ýollary biziň topraklarymyzyň üstünden geçip gidipdir. Ähli ýollaryň çatrygy – biziň ülkämiz. Dünýä syýahatçylary, argyşa giden söwdagärler haýsy tarapa rowana bolsalar, hökman şu topragyň üstünden aşar ekenler. Ähli ýollaryň bir toprakda birigýän ýerinde ýaşamak döwletlilikden nyşan.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ensiklopedik ähmiýetli kitabynda: «Taryhyň ähli döwürlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň şahalary, ak ýollar, bagt ýollary dünýäniň çar künjünden Zeminiň ýüregi Türkmenistanyň goýnuna gelýär. Keremli topragymyzdan gözbaş alýan dost-doganlyk ýollary, ykdysady hyzmatdaşlyk ýollary, syýahatçylyk ýollary yklymlara tarap ynamly gadam basýar» diýilýär.

Ýurdumyzda gurlup, ulanylmaga berilýän ýollar Türkmenistan döwletimizi häzirki zamanyň möhüm syýasy we ykdysady merkezine öwürýär. Ýurdumyzda soňky ýyllarda çekilen dürli ýollar dünýäni haýrana goýýar. Müňlerçe kilometrlere uzaýan demir ýollar, gara ýollar bilen birlikde, hormatly Prezidentimiziň hut öz tagallasy bilen täze belentliklere beslenen deňiz we howa ýollary-da muňa mysaldyr.

Ýurdumyzyň deňiz portlaryny döwrebaplaşdyrmak, dünýä ülňülerine laýyk etmek, ösüşiň iň soňky tehnologiýalaryny peýdalanmak, täze howa menzillerini, demir ýol duralgalaryny gurmak işleri uly depginde alnyp barylýar. Bularyň üstesine turba geçiriji ulgamlar hem ykdysady ösüşiň bir ýoludyr. Bu ýollaryň haýsy birini alyp görsegem, şol ugurda bitirilýän işler gymmaty we ähmiýeti babatda juda guwandyryjy. Bu ýollar mundan öň aýlanyp aşmaly bolan alys ýollary ýakyn ed‎‎er. Söwda dolanyşygynyň gerimini giňeld‎‎er. Sebitiň ähli döwletlerine bähbitli bolar.

Ösüşiň aýdyň ýoly bilen öňe barýan Garaşsyz döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşini durnukly saklamak we mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirmek ugrunda möhüm çözgütler kabul edilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» muny doly tassyklaýar. Bu maksatnama ata Watanymyz Türkmenistany has-da ösdürmek babatda ileri tutulýan ugurlary, täzeden-täze maksatlary we öňde goýlan örän wajyp wezipeleriň ençemesini öz içine alýar.

Mehriban TAÝROWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby. 

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com