Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Ertekilerdäki bilinmeýän hakykatlar

22-09-2023 / 44

Ertekiler dünýäsi bizi mydama gyzykly başdangeçirmelere duçar edýär. Hut şonuň ýaly-da, olaryň döredilişiniň, gahrymanlarynyň kemala gelşiniň hem özboluşly taryhy bar.

*Biziň köpimiz «Zoluşka» ertekisini Şarl Perronyň galamyna degişli hasaplaýarys. Emma, taryhçylaryň bellemegine görä, onuň sýužeti ýunan-rim ýazyjylaryna degişli eken. Olar bu sýužeti b. e. öňki  I asyrda «Rodopis hakyndaky» ertekiler toplumynyň içinde döredipdirler. Soňlugy bilen edil şuňa meňzeş sýužetler hytaý, ýapon, fransuz we italýan ertekilerinde hem peýda bolýar. Ýöne Zoluşkanyň aýakgabyny ýitirýän epizody welin, diňe Şarl Perronyň «Zoluşkasynda» bardyr.

*«Müň bir gije» ertekiler toplumynda Şährizadanyň Alladiniň jadyly çyrasy hakynda aýdýan ertekisi dörän  mahaly şeýle aýdylýardy: «Hytaý şäherleriniň birinde bir çyra ussasy ýaşaýan eken…». Diýmek, bu ertekiniň wakalary Hytaýda bolup geçipdir.

*Eger-de, islendik biriňizden «Ädikli pişik nähili reňkde?» diýip sorasak, ikirjiňlenmän «Goňur reňkde» diýersiňiz. Multfilmde bu hakykatdan hem şeýle. Emma Şarl Perro öz ertekisinde ädikli pişigiň reňki hakda bir sözem aýtmaýar.

*Krylowyň «Teneçir we garynja» basnýasynda teneçir bütin tomus paslyny aýdym-saz edip, agaçdan agaja böküp geçirýär. Ýöne, aslynda, tebigatda teneçir bökmeýär we saz etmeýär. Diýmek, hakykatda basnýanyň gahrymany teneçir däl-de, çekirtge bolmagy ahmal.

*«Alisa täsinlikler dünýäsinde» ertekisinde Çeşir pişigi diýlip atlandyrýan pişik öz adynyň Çeşir graflygynda Riçard III döwründe ýaşan tokaýçy Keterlingiň adyndan alandygyny aýdýar. Emma onuň watandaşlary welin, beýle pikirde däl. Sebäbi, şol pişigiň kellesi ýylgyrýan mahaly Çeşir peýnirine meňzeýän eken.

*Biziň köpimiz Buratino hakyndaky erteki bilen Pinokio hakyndaky ertekini meňzeş ertekiler hasaplaýarys. Olaryň meňzeş taraplary bilen bir hatarda, tapawutly ýerlerem bar. Mysal üçin, Bazilio atly pişik we Alisa atly tilki diňe Buratino hakyndaky «Altyn açar» ertekisinde bar. Pinokioda bolsa, olar atsyz.

Saparmyrat RUSLANOW,
TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň Agronomçylyk hünäriniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com