Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Bilim arkaly beýik geljek döredilýär

21-09-2023 / 13

Ýaş nesiller – geljegimiziň binýady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýaşlarymyz biziň ýurdumyzyň geljegidir, şoňa görä-de, başlanan okuw ýyly saýlap alan rowaçlyk we gülläp ösüş ýolumyz bilen mundan beýläk-de üstünlikli öňe gitmek üçin Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döredijileriniň täze nesliniň kemala gelmeginde nobatdaky ädim bolmalydyr.

Ähli bilim ojaklarynda, şol sanda çagalar bakja-baglarynda hem 2023-2024-nji täze okuw ýyly üstünlikli dowam edýär. Körpeler yhlasly sowat alýarlar. Olar üçin her bir zat gyzykly. 

Çagalar bakja-baglaryna gatnaýan körpeler zamanabap terbiýelenip, olaryñ kadaly irki ösüşini gazanmak, ýaş aýratynlyklaryna görä sowat öwretmek we mekdebe taýýarlamak işleri ylmy esaslarda, döwlet maksatnamalaryñ  ýörelgelerinde we milli häsiýetde alnyp barylýar. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda geçirilýän ähli okuw mazmunly işleriñ, çäreleriñ içinden bolsa terbiýeçilik ugurly başlangyçlar eriş-argaç bolup geçýär. Ýaş nesilleriñ göwnejaý dynç almagy, iýmitlenmegi, durmuş endikleri, gylyk-häsiýetleri köp ugurly wezipeler arkaly terbiýelenýär.

Çagalaryñ körpejelik mahalyndan beden taýdan sagdynlygy, akyl taýdan kämilligi, edepliligi gazanylmagy ugrunda toplumlaýyn okuw-terbiýeçilik, usuly-guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Ýaşajyk türkmenistanlylaryñ watansöýüji, zähmetsöýer, berk bedenli, giñ dünýägaraýyşly keşbini kemala getirmek üçin çagalar bakja baglarynda ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär.

Bagtyýar nesilleriñ mynasyp kemala gelmekleri, şadyýan ruhda ösüp ulalmaklary ugrunda döwletli tutumlara rowaçlyk berýän Arkadagly Serdarymyza, nesilleri terbiýelemegiñ gymmatly çeşmesi bolan arzyly kitaplaryny peşgeş berip, asylly işlerde belent nusga bolýan Milli Liderimize ene-atalaryñ, bilim-terbiýeçilik işgärleriniñ, körpeje nesillerimiziñ, tutuş halkymyzyñ hoşallygy egsilmezdir.

Firýuza KALENDAROWA,
Daşoguz şäheriniň 18-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com