Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Buz eýýamy: wakalar we täsirler

20-09-2023 / 53

2002-nji ýylda ilkinji bölümi peýda bolanynda, “Buz eýýamy” multfilmi dünýäde uludan-kiçä – dürli ýaşdaky tomaşaçylaryň göwnünden turupdy. Şol sebäpden bolsa gerek, onuň režissýorlary we prodýuserleri ekran eseriniň dowamyny hem taýýarladylar. “Blue Sky” studiýasy tarapyndan taýýarlanan bu multfilme Kris Uej hem-de Karlus Saldanýa režissýorlyk etdi. Dünýäniň dürli ýerlerinde kinoteatrlarda we teleýaýlymlarda tomaşaçylara ýetirilen “Buz eýýamy” şol mahallar täze peýda bolup başlan 3D nusgasynda taýýarlandy.

“Buz eýýamynda” Ýer ýüzüniň buz bilen örtülip başlan döwründe äpet Manfred atly mamont pil, Diego atly gaplaň, ýaltalygy bilen ýakasyny tanadan Sid we bäbejigiň başdan geçirenleri barada gürrüň berilýär. Howanyň sowamagy buz eýýamynyň golaýlap gelýändigini alamatlandyrýar. Ähli janly-jandarlar howul-hara günorta tarap göçmek bilen bolýar. Diňe Manfred has sowuk demirgazyga göçmegi ýüregine düwýär. Sid agajyň şahasynda ukudan oýananynda maşgalasynyň ony terk edip, eýýäm göçüp gidendigine göz ýetirýär. Ol öz emelsizligi bilen Karl hem-de Frenk atly iki kerkiň işdäaçar hökmünde iýjek bolup duran güljagazyny hapalaýar. Üstesine-de, olara degişli bolan paslyň iň soňky gülüni hem iýýär. Sid bu ýagdaýa gaharlanan kerkleri hernäçe köşeşdirmek islese-de, ony başarmaýar. Gaçyp barşyna, uçudyň gyrasynda duran Manfrediň aýagyna baryp urýar we onuň aňyrsyna geçip kerklerden gizlenýär. Karl hem-de Frenk mamontdan ýaltany özlerine bermegi talap edýär. Mamont bolsa Sidi penalap, golaýyna gelse, temmisini berjekdigini kerklere aýdýar. Muňa göwnüýetmezçilik eden kerkler mamonta topulanlarynda, mamont olardan üstün çykýar. Sid duşmandan halas bolanyna begenjinden ýaňa eden hereketi sebäpli, Manfred bilen bilelikde depeden aşaklygyna gaýtmagyna sebäp bolýar. Sidi halas eden Manfred depeden gaýdanyna o diýen üns bermän, demirgazyga bakan ýoluny dowam edýär. Sid onuň barýan ýolunyň ýalňyşdygyny aýdyp, ony yzyna dolamaga synanyşsa-da, äpet jandar pikirinden dänmeýär. Manfredi yryp bilmedik Sid yzyna gaýtmakçy bolýar, emma yzda galan kerklerden gorkýar. Onuň Manfred bilen demirgazyga gitmekden başga çäresi bolmaýar. Şondan soňra olaryň mejbury dostluklarynyň başy başlanýar. Ondan soňky durmuşynda gaplaňlar toparynyň wekili, adamyň çagasyny ogurlamak wezipesi ynanylan Diego hem olara goşulýar. Sebäbi mejbury dostlar bäbegi gark bolmakdan halas edip, oňa hossar çykýarlar. Wagtyň geçmegi bilen Diego bäbegi beýleki gaplaňlara bermegiň deregine, olardan gorap başlaýar.

2006-njy ýylda bu multfilmiň dowamy peýda bolan “Buz eýýamy 2: ereýişde” bolsa sowuk gutaryp, howanyň maýlamagy zerarly buzlar eräp başlaýar. Birinji bölümde bolşy ýaly, bu bölümde-de Skrat atly belkajyk wakalaryň uzagragynda bolýar.

2009-njy ýylda çykarylan üçünji bölümde gahrymanlaryň arasyna dinozawrlar hem goşulýar. 2012-nji ýylda filmiň nobatdaky bölümi tomaşaçylara ýetirildi. Bu bölümde Ýer ýüzi materiklere bölünýär. Her bölümde öz hozuna ýetmek üçin eden synanyşygy täze eýýamyň başlamagyna sebäp bolýan belka 2016-njy ýylda çykarylan jemleýji filmde kosmiki wakalaryň başyny başlaýar. Bu bölümde Skrat öz ýaryna gowşansoň, durmuşynda hemişe arzylap gezen we oňa ýetmek üçin ähli zada kaýyl bolan hozuny ýadyndan çykarýar.

Batyr AKMYRADOW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com