Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Sagdyn ýaşaýyş ― ömrümiziň rahatlygy

19-09-2023 / 5017

Ýurdumyzda indi birnäçe ýyldan bäri asylly däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk özüniň oňyn netijeleri bilen begendirýär. Her ýyl hem dürli çärelere baý bolýan biraýlyk mynasybetli alnyp barylýan işlere saglygy goraýyş işgärleri hem ýakyndan gatnaşyp, goşant goşýarlar.

Lebap welaýat saglygy goraýyş müdirligi tarapyndan işlenip düzülen meýilnama dürli maslahatlary, wagyz-nesihat çärelerini we bäsleşiklerdir ýaryşlary öz içine alýar. Müdirligiň we AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň lukmanlary şu günler şol çäreleri yzygiderli guraýarlar we ýakyndan gatnaşýarlar.

Saglygy goraýyş işgärleriniň bu biraýlygyň nyşanyny işläp taýýarlamak baradaky bäsleşige hem dahylly bolandygyny turuwbaşdan aýtmak gerek. Çünki biraýlygyň dowamynda göz öňünde tutulýan çäreler, goýlan maksat olaryň alyp barýan işleri bilen gönüden-göni dahylly bolup durýar.

Şeýle hem saglygy goraýyş işgärleri pudagara iş toparyna degişli edaralaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen birlikde biraýlyk bilen adybir maslahatlardyr wagyz-nesihat çärelerine gatnaşýar. Biraýlyk bilen baglanyşykly wideogörnüşleri, telegepleşikleri taýýarlamak, gazet-žurnallarda mowzuklaýyn makalalar bilen çykyş etmek, pudagara toparyň wekilleriniň gatnaşmagynda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikleri guramak we bu işleriň ählisini ilatyň dykgatyna ýetirmek boýunça-da saglygy goraýyş işgärleri çetde durmaýarlar.

Welaýatymyzyň lukmanlary biraýlyk tamamlanýança, şeýle işleriň jümmüşinde bolarlar. Bu işleriň netije bermegi — ýollarymyzyň hemişe asuda bolmagy ählimiziň bilelikdäki üstünligimizdir. Muny biz gündelik işimizde hem görýäris. Alnyp barylýan yzygiderli işleriň netijesinde ýol-ulag hadysalary görnetin azalýar.

Öwez ROZYÝEW,
Türkmenabat şäher hassahanasynyň stomatolog lukmany.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com