Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

«Disneýiň» gahrymanlary durmuşdan daş düşmeýär

19-09-2023 / 61

«Disneý» kompaniýasynyň multfilmlerine dünýäniň aglaba ýurtlarynyň çagalary söýüp tomaşa edýärler. Onuň biri-birinden täsin gahrymanlary biziň ünsümizi özüne çekýär. Ýöne olaryň durmuşda ýaşap ýören şahslara meňzedilip döredilýänligi hakyndaky maglumat has-da ünsüňizi çekse gerek?!

«Disneý» kompaniýasy multfilmleriň gahrymanlaryny döredýän wagtynda, olary hakyky durmuşda ýaşap ýören ynsanlaryň keşbinden mysal alyp döredýär. Geliň, olaryň käbiri bilen tanyş bolalyň!

Jafar, jadygöý, Din-din we beýlekiler «durmuşda bar adamlar».

* «Disneýiň» animasiýa döredijisi ertekiler kitabyny okaýan wagtynda gara lybasda oduň töwereginde aýlanýan pursady şekillendirilen aýalyň suratyny görýär. Gahrymanyň kitapdaky ýüzünden onuň göwni suw içmeýär. Ol bu keşbi döretmek üçin Eleonor Odliniň ‎‎ýüz keşbinden peýdalanýar we onuň kellesine şahlary hem oturdýar. Şol aktrisanyň özi hem jadygöýe ses berýär.

* Konrad Feýdt — Jafar — ýowuz jadygöýüň roluny 1940-njy ýylda Konrad Feýdt «Bagdatly ogry» multfilminde ýerine ýetirýär.

* Multfilmdäki Jasminiň roluny Jenifer Konelli janlandyrypdyr. Ýeri gelende bellesek, Jasmini gahryman hökmünde Mark Henn döredipdir. Animator bu keşbi döretmek üçin öz uýasy Bet we aktrisa Jenifer Konelliniň daş keşbinden peýdalanýar.

* Aidi döretmek üçin multfilm goýujylar bu gahrymana ses bermek işi ynanylan aktýor Jeýms Wuduň daşky görnüşinden peýdalanypdyrlar.

* Uolt Disneý «Adada seniň bilen» atly filme tomaşa edýärkä, ýaş aktrisa Ketrin Bomontyň mysalynda öz Alisasyny tapýar. Şeýdibem, täsinlikler dünýäsindäki Alisanyň başdan geçirmeleri peýda bolýar.

* Hemmämiziň bilşimiz ýaly, Piter Pen — ulalmak islemeýän çagajyk. Onuň keşbini Uolt Disneýiň söýgüli aktýory Bobbo Driskolo döretdi we ses berdi.

* Din-Diniň keşbiniň döredilmeginde uly orna eýe bolan Margaret Kerri radioda alypbaryjy eken. Onuň Din-Din bilen diňe bir daşky görnüşi däl, eýsem käbir häsiýetleri hem meňzeş bolupdyr.

Humaý ATAÝEWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Sanly dolandyryş taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com