Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

Jeýtun medeniýeti

18-09-2023 / 5124

Jeýtun medeniýeti türkmen topragynda Änew, Marguş, Köneürgenç, Nusaý we Maşat-Missirian ýaly adamzat taryhynda uly yz galdyran medeniýetleriň döremegine sallançak bolup hyzmat edýär. Jeýtun medeniýetine degişli ýadygärlikleriň öwrenilmegi bolsa, taryhyň esasy wajyp meseleleriniň biri. Jeýtun medeniýeti gadymy taýpalaryň oturymlylyga, ekerançylyga, maldarçylyga, binagärçilige we küýzegärçilige geçmek meselesiniň seredilmegine ýardam edipdir. Jeýtun medeniýetinde ynsanlar tebigatyň önümi bolan ir-iýmiş ýygnamak, aw-awlamak bilen çäklenmän, özleri iýmit önümlerini öndürmeklige geçipdir. Adamzat siwilizasiýanyň ösmeginde mynasyp orny eýeleýän Jeýtun medeniýetiniň döremegi biziň eýýamymyzdan öňki VII-VI müňýyllyklaryň sepgidine gabat gelýär. Şol döwürlerde Jeýtunyň ilaty bugdaýy, şüläni, nohudy, mäşi we beýleki ösümlikleri ösdürip ýetişdimek bilen meşgullanypdyr.

Jeýtunyň käbir binagärçilik alamatlary biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Obalar suwuň basmaýan belentliklerinde ýerleşipdir. Belentligiň daş-töweregindäki suw basýan tekizliklerde bolsa däneli ekinler ekilipdir. Jeýtun obasy inedördül görnüşli 30 sany öýden ybarat bolupdyr. Her öýde 5-6 adam ýaşapdyr. Öýleriň diwarlary entek kerpije gaty meňzemedik uzyn süýri görnüşi palçyk böleklerinden örülipdir. Palçyk bölekleriniň 60-70 sm barabar bolupdyr. Olar guradylman pagsa ýaly biri-biriniň üstüne örülipdir. Her bir otagda diwara ýanaşyk edilip gurlan ojak, gapy tarapynyň bir burçunda bolsa hojalyk gurallaryny goýar ýaly ýer bolupdyr. Otagyň düşegi we diwarlary tekiz suwalyp, soňra reňklenipdir. Ýaşaýyş otaglarynyň käbirleriniň ýanynda hojalyk üçin goşmaça jaýlar gurlup, käbirleriniň daşyna palçykdan haýat aýlanypdyr. Howlynyň içinde däne saklamak üçin çukurlar gazylypdyr. Bu maglumatlar bilen taryhy eýýamyň wagtlary, şeýle hem medeniýetiň esasy alamatlary kesgitlenýär.

Dilnoza ABDYRAHMANOWA,
TOHI-niň Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com