Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...

Geň-taňlyklar dünýäsi

18-09-2023 / 5033
  • Adam bir ýylyň dowamynda 10 million gezek gözüni gyrpýar.
  • Bir milliard sekunt, takmynan, 37 ýyla barabardyr.
  • Watikan döwletinde futbol boýunça birinjiligi almak ugrundaky ýaryşlara “Telepoçta”, “Bank”, “Kitaphana”, “Muzeýler ýygyndysy”, “Gwardiýaçylar” ýaly komandalar gatnaşýar.
  • Ilkinji gezek Oskar baýragy 1929-njy ýylyň 16-njy maýynda gowşuryldy.
  • Atly ýadygärliklere aýlanmaga gideniňizde, eger atyň öňki iki aýagy hem ýokary galan görnüşinde şekillendirilen bolsa, onda bu onuň üstündäki adamyň söweşde wepat bolandygyny aňladýar. Eger atyň bir aýagy galdyrylan bolsa, onda ol adam söweşde alan agyr ýarasyndan ölendigini, eger atyň dört aýagy hem ýerde bolsa, onda ol adamyň öz ajalyna aradan çykandygyny aňladýar.
  • Amerikan statistikasynyň berýän maglumatlaryna görä, mobil telefonynda erkekler aýallara garanyňda köp gepleşýärler. Amerikaly erkek kişiler bir aýda ortaça 438 minut, amerikan zenany bolsa 377 minut mobil telefonynda gepleşýär. Ýöne adaty, simli, öý telefonynda aýallar erkeklere garanyňda iki esse köp gürleşýärler.
  • Amerikanyň Wirjiniýa ştatynyň ýaşaýjylary Karolina we Ralf Kamminsiň maşgalasynda ýedi çagalary bolup, olaryň 5-siniň doglan güni 20-nji fewraldyr. Ýok, olar bäşem däl. Olar dürli-dürli ýyllarda şol bir günde dünýä inenler.

Dünýägözel ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň V ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com